Hindistanyň Chandrayaan-3 enjamy Aýa gondy

Hindistanyň Chandrayaan-3 enjamy Aýa gondy

Hindistanyň Chandrayaan-3 gonuş enjamy Aýa baryp ýetdi we ilkinji gezek Aýyň günorta guşaklygynyň etrabynda gondy. Enjamyň gonuşyny ýerli Bharat TV teleýaýlymy ýurduň Kosmos barlaglary guramasyna salgylanyp, göni ýaýlymda görkezdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Habarda Wikram atly enjamyň Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne usullylyk bilen gonandygy we Pragýan tekerli enjamy eltendigi aýdylýar. Şeýlelikde, Hindistan SSSR-den, Birleşen Ştatlardan we Hytaýdan soňra Aýa çykan dördünji, şol sanda Aýyň polýar sebitinde Aý enjamyny gondurmagy başaran ilkinji ýurt boldy.

Hindistanlylaryň enjamyň Aýa baryp ýetmegi ugrunda doga-dileg edendikleri, habary şatlykly garşylandygy aýdylýar.

Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi waka GAR-yň paýtagty Ýohannesburgdaky sammit wagtynda gözegçilik etdi. Biz şeýle taryhy pursatlary synlaýarkak, buýsanç duýgularyny başdan geçirýäris. Bu Hindistanyň täze şapagydyr diýip, Modi aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar