Aşgabada Hindistanyň Açutamanasa“ tans toparynyň gelýändigi baradaky habar gündogar tansynyň muşdaklarynyň arasynda çalt ýaýrady. Tans filosofiýasynyň gadyryny bilýänler kuçipudiniň ussatlarça ýerine ýetirlşini görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.
Açuta Manasa kuçipudi sungatynyň magistri derejesini alan tanymal tansçy zenan. Ol Hindistanyň we daşary ýurtlaryň sahnalarynda 1000 gezekden-de köp çykyş edip, mydama tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp bolýar. Hindistanyň garaşsyzlygynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan konserti Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasy guradylar.
Ýurdumyzda dostlukly hindi halkyna sarpa goýulýar we onuň medeni däplerine ýokary baha berilýär, şonuň üçinem Açutamanasanyň“ Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynyň sahnasyndaky çykyşynda zal tomaşaçylardan ýaňa hyň berýärdi.
Açutamanasanyň“ tanslary kiçijik horeografiýa oýnuny ýatladýar. Olaryň birinjisinde tansçy zenanyň çeper we duýgulara baý çeýe hereketleri halkyny ejir-sütemden gutarmak üçin arwah bilen darkaş gurýan taňry zenan Durgu barada mifologik waka gürrüň berilýär.
Hindistanyň ilaty kuçipudi tansyny adam däl-de, adamzat döredipdir diýip ýöne ýere atmaýar.Söhbet açýan-tans sazyň, şygryýetiň we horeografiýanyň jebis sazlaşygy bolup, ol halkyň müňlerçe ýyllarda kemala getiren pähimini beýan edýär.
Açuta Manasa duýgular, saz we ritm sazlaşykly utgaşan tans dilinde eýmenç arwaha garşy göreşmegi öz üstüne alan taňry zenanyň duýgylaryny beýan edýär.Owadan egin-eşikler, özboluşly saz we täsirli sahna bezegi gadymy hindi mifologiýasynyň konsepsiýasyny tomaşaçylara mümkingadar ynandyryjylykly ýetirmäge kömek edýär.
Tomaşaçylar zehinli tansçynyň çykyşyna şowhunly el çarpmalar bilen ýokary baha berdiler. Konsertiň ikinji bölüminde hindi tasnçylarynyň we sazandarlarynyň çykyşynda Şiwa Taňrynyň azat edijilik göreşi barada gürrüň berilýär.
Kuçipudi tansy diňe bir mifologik wakalaryň manysyy açman, eýsem häzirki zaman jemgyýetiniň wajyp mesellerini-de gozgamaga mümkinçilik berýär. Üçünji tans hut şu baradady ol ynsanperwerlige çagyrýar.
25-nji awgustda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary Açutamasananyň“ baý döredijiligi bilen tanyşdylar.