Hindistanly maşgala öz köne awtoulagy bilen hoşlaşyk dabarasyny ýokary derejede gurap, 5 müň amerikan dollaryny sarp etdi diýip, The Indian Express neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Awtoulagy soňky ýoluna ugratmak çäresine 1500 töweregi adam ýygnandy. Hemmeler gülşüp we el çarpyp, ulagy dört metrlik çukura salyp, üstünden gum guýdular. Ulagyň eýesi ulagynyň özi üçin gülläp ösüşiň nyşany bolandygyny gürrüň berdi. Ol indi ulagynyň ýerlenen ýerinde bag ekmegi maksat edinýär.
Bu ulag biziň maşgalamyzyň biri ýalydy, ol bize şowlulyk getirýärdi diýip, ol aýdýar.
Dabaranyň wideoýazgylary sosial ulgamda ýerleşdirildi. Oňa tomaşa edenler: Şeýle zat diňe Hindistanda bolup bilýär diýip, degişýärler.