Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi

Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ (TULM) ilkinji konteýner otlusynyň Hindistandan Özbegistana iberilmegini üstünlikli gurady. Keramiki plitalar bolan 20 TEU konteýnerinden ybarat otlynyň birinji tapgyry Bender-Abbas portundan Sarahs ugry boýunça Çukursaý (Özbegistan) demir ýol menziline üstünlikli iberildi.

Bu 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde Türkmendemirýollary agentligi bilen O'zbekiston Temir Yo'llari hojalyk jemgyýetiniň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda amala aşyryldy. Şol duşuşykda taraplar konteýner otlularynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar Özbegistan — Türkmenistan ondan aňryk üçünji ýurda geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny guramak üçin her ýurtda jogapkär logistika kompaniýalaryny bellemek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri
TULM Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi
Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar