Hindistanyň Mizoram welaýatynyň resmileri, tropiki tupan sebäpli 40 adamyň ýogalandygyny habar berdiler.
Ýurtda düýn hem tupan we aşa ýagan ýagyşlar sebäpli bolan ýer süýşgünleriniň netijesinde karýerleriň biriniň çökendigi we karýeriň 15 işgäriniň ýogalandygy mälim edildi.
Resmiler tupan sebäpli öýlere we infrastrukturalara zeper ýetendigini aýan etdiler.
Bangladeşde bolsa ýurt derejesinde täsirli bolan güýçli tupan sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 15 adama ýetendigi beýan edildi.
Tupan sebäpli Bangladeşde 800 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere ewakuasiýa edildi.