Hindistanda ýoly tiz gurmak babatda dünýä rekordy täzelendi

Hindistanda ýoly tiz gurmak babatda dünýä rekordy täzelendi

Hindistanyň Milli awtoulag ýollary edarasy (NHAI) Ginnesiň rekordlar kitabyna täze üstünligi ýazdyrdy, ýagny uzynlygy 75 kilometrlik gara ýoly birnäçe günde gurmak olara başartdy diýip, The Financial Express habar berdi.

Taslamanyň gurluşygyna 720 işçi, şol sanda garaşsyz hünärmenler gatnaşdy. Gurluşyk işleri 3-nji iýunda ir säherde başlap, 7-sine giçlik tamamlandy. Ýoly çekmek üçin 105 sagat 33 minut gerek boldy. Şeýlelikde NHAI üçin Katarda 2019-njy ýylda bellige alnan 25,2 kilometrlik ýoly 10 günde çekmek boýunça rekordy täzelemek başartdy.

Täze gara ýol Maharaştra ştatynyň Amrawati we Akolo şäherlerini birleşdirýär we 53-nji milli gara ýoluň bölegi bolup durýar. Gara ýol şeýle-de Kalkutta, Raýpur, Nagpur we Surat şäherlerini birleşdirýär. Bu barada MIR24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder
Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy
Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy
Ýaponiýanyň MUFG banky kompaniýalaryň ýerlenmedik harytlaryny satyn alar
Rolls-Royce puluň hümmetiniň pese gaçmagy sebäpli işgärleriniň aýlyk haklaryny köpeldýär