Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy

Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy

Raşid Ahmet Delide rikşa sürýär, goňşulary ony ýurduň Premýer-ministri Narendra Modiniň hormatyna Biziň Modimiz diýip atlandyrýarlar.

Narendra Modi 2014-nji ýyldan bäri döwleti dolandyrýar, ol bu ýylky saýlawlarda ýeňiş gazanyp, üçünji möhlete gitmek isleýär. Onuň ýeňjekdigini bolsa, pikir soralyşyklar görkezýär. Eger ýeňäýse, ol Jawaharlal Nerudan soňra bu kürsüni üç gezek eýelän ikinji Premýer-ministr bolar.

60 ýaşly Ahmet Deliniň köçelerinde gaty meşhur, ol aýaly, çagalarydyr agtyklary bilen iki gatly öýünde ýaşaýar. Indi ony köçede gördükleri ýadygärlik surata düşýärler, ýerli çagalar Modi daýy diýip ýüzlenýärler.

Ahmed hatda Modiniň Bharatiýa Janata partiýasynyň ýygnanyşyklaryna hem birnäçe gezek gatnaşyp, onuň ekiztaýy bolup işledi. Köpçülik ilkibada ony hakyky Modidir öýtdi. Bu işi üçin rikşa sürüji 1000 rupiýa hak alýar.

Modä meňzeş ýene bir adam 68 ýaşly Jagdiş Bhatiýa Deliniň kaşaň etraplarynyň birinde gozgalmaýan emläk boýunça agentligiň ýolbaşçysy bolup işleýär. Ol saýlaw ýygnanyşyklaryna gatnaşýar, emma munuň üçin hak almaýar.

Jagdiş muny hakyky Premýer-ministre hormat goýýandygy üçin edýändigini gürrüň berýär.

Bhatiýa Modi ýaly geýinýär, Ahmet üçin welin, beýle etmek gerek däl, sebäbi ol Premýer-ministre gaty meňzeş.

Emma Ahmet we Jagdişden başga-da ýurtda Modä meňzeş adamlar kän. Olaryň biri telekeçi, ýene biriniň Modiniň dogduk şäheri Gujaratda köçe naharhanasy bar. Olaryň ählisi-de häzirki Premýer-ministriň saýlawlarda üstün çykmagy üçin köpçülik ýygnanyşyklarynda ony goldamaga çagyryp, çykyş edýärler.

Bu barada vfokuse.mail.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşdy, Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär