Hindistanda ýedi aý dowam eden nika toýy tamamlandy

Hindistanda ýedi aý dowam eden nika toýy tamamlandy

Hindistanda milliarderleriň çagalary 29 ýaşly Anand Ambani hem-de 29 ýaşly Radika Merçant asyryň toýuny toýladylar diýip, MIR 24 ýazýar.

Jübütleriň nikalaşmagyna bagyşlanan dabaralar ýedi aýlap dowam etdi hem-de özüne şowhunly agşamlyklary, deňizde gämili syýanatlary we maşgala dabaralaryny birleşdirdi. Bularyň ählisi üçin ýaşlaryň maşgalalary 600 million dollara golaý sarp etdiler.

Toýuň senesini müneçjimler bellediler, 12-nji iýulda esasy dabara, 13-ine myhmanlar hindileriň nikadan geçiş dabarasy bolan Şubh Aşirwad çäresine ýygnandylar.

Esasy toý dabarasy Mumbaýdaky maslahatlar zalynda geçdi, oňa dünýä meşhur syýasatçylar, sport türgenleri, artistler geldiler.

Myhmanlaryň arasynda Dewid we Wiktoriýa Bekhemler, Hillari Klinton, Bolliwidyň ýyldyzy Şaruh Han, Kim we Hloýa Kardaşýanlar bar. Çärä ýurduň premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Hindistanda dini baýramçylykdaky dyknyşykda 121 adam pida boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan pajygaly ýagdaýa gynanç bildirdi
Modi Moskwa bardy
Hindistanyň premýer ministri Russiýada saparda bolýar
Russiýa we Hindistan onýyllygyň ahyryna çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmekçi