
Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda yzyny üzmän ýagan çabga zerarly emele gelen sil suwlary 357 sany obany basdy.
Bu barada ýurduň NDTV teleýaýlymy habar berdi. Silden, esasan hem, Bundelkhand ülkesiniň Hamirpur we Jalun etraplary ýitgi çekdi, muňa ülkäniň çäginde iri Jamuna derýasynyň bäş ýerde hanasyndan agmagy sebäp boldy.
Gang derýasynda hem suwuň derejesiniň howply çäkden iki metr artyk bolmagyna Pajastan we Madhyýa-Pradeş ştatlaryndan köp mukdarda suwuň derýa gelip goşulmagy sebäp boldy, bu bolsa öz nobatynda 50 sany obany sil basmagyna getirdi.
Häzirki wagtda sil basan obalardan ilat howpsuz ýerlere göçürilýär.