Hindistanda Puşpa 2 atly täze filmiň görkezilişinde bir zenan gurban boldy

Hindistanda Puşpa 2 atly täze filmiň görkezilişinde bir zenan gurban boldy

Hindistanyň Haýdarabat şäherinde Puşpa 2 atly täze çeper filmiň premýerasynda dörän dyknyşykda bir zenan pida boldy. Bu barada şäheriň polisiýasy habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Kinoteatryň girelgesinde ýüzlerçe adam ýygnandy. Haçanda filmde baş keşbi döreden aktýor Allu Arjun peýda bolanda, dyknyşyk başlandy. Adamlar kinoetatryň girelgesine eňdiler, goragçylara olary saklamak başartmady.

Mähelle kinoteatryň girelgeleriniň gapylaryny-da döwdi. Başagaýlyk sebäpli aktýor Allu Arjun filmiň görkezilişini terk etdi. Dyknyşykda bir zenan gurban boldy, onuň çagasy hassahana eltildi. Ýene birnäçe adam şikes aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen häkimiýetleriniň ýasama spirtli içgiler wakasy barada dymmagy ilat arasynda nägilelik döredýär
Russiýaly mugallymlary türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi
Türkmenistanly uruş weterany Russiýanyň hem raýatlygyna kabul edildi
Balide ýanardag çogmagy bilen baglylykda, halkara howa uçuşlary ýatyryldy
BMG: howanyň üýtgemegi ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär