Hindistanda Pomidor Dümewine Gabat Gelindi

Hindistanda Pomidor Dümewine Gabat Gelindi

Hindistanyň Kerala we Odişa welaýatlarynda 82 çagada “pomidor dümewine gabat gelindi.

Ze Lanset žurnalynda çap edilen habarnamada, ilkinji keselliniň Kerala welaýatynyň Kollam şäherinde hasaba alynandygy nygtaldy.

Habarnamada, welaýatda wirusa 5 ýaşyna ýetmedik çagalarda gabat gelinendigi bellenildi.

Odişa welaýatynda hem 1-9 ýaş aralygyndaky 26 çagada wirusa gabat gelinendigi habar berildi.

Ýurtda “pomidor dümewi” sebäpli hasaba alynanlaryň sany 82 çaga ýetdi.

Adyny deridäki gyzyl tegmillerden alan “pomidor dümewi” gyzgynyň galmagyna we bogun agrylaryna sebäp bolýar.

Hassalygyň heniz hiç hili bejergisi tapylmady.

Ýene degişli makalalar

Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi
London we Mançester derbileri
Putin Gurbanguly Berdimuhamedowyň 65 ýaş ýubileýine küşt, gylyç sowgat berdi
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
"PSŽ" futbol boýunça Fransiýanyň onunjy gezek çempiony boldy
PSŽ çempion diýen ýaly