Gujerat welaýatynyň Wadodara şäherindäki Harni kölünde okuwçylary we mugallymlary daşaýan gaýyk batdy.
Wakada ýaşlary 7 bilen 13 aralygynda üýtgeýän 12 çaga bilen, 2 mugallym jemi 14 adam ýogaldy.
Polisiýa gullugy 20 çaganyň halas edilip ýetişilendigini, 2 adamyň dereksiz ýitendigini, käbir çagalaryň bolsa hassahananyň reanimasiýa bölüminde bejergi astyna alynandygyny habar berdi.
Gaýykda wakadan ozal näçe adamyň bolandygy anyklanylyp bilinmedi, emma kölde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi waka gynanç bildirip, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýaralanan adamlara kompensasiýa tölenjekdigini aýtdy.