Hindistanyň Kerala sebitinde Nipah wirusy sebäpli 1 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň bellige alynandygy nygtaldy.
Indian Express gazetiniň berýän habaryna görä, 14 ýaşyndaky çaga 10 gün öň gyzgyny galandygy sebäpli hassahanada bejergi astyna alyndy.
Nipah wirusyna ýolugandygy anyklanan çaganyň ýogalandygy habar berildi.
Çaga bilen aragatnaşyk saklan 4 adamda hem Nipah wirusyna gabat gelinendigi we wirusa ýoluganlardan biriniň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.
Saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan sebitde wirusa garşy has ünsli bolmaklary barada duýduryş berildi.
Ýogalan çaganyň hossarlaryna hem Nipah üçin test etdirmekleri barada çagyryş beren ýolbaşçylar, çaga bilen aragatnaşyk saklan beýleki adamlaryň anyklanmagy üçin işe girişdi.