Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 156 müň 38 adama ýetdi

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 156 müň 38 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 442 müň 104 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 110 million 475 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 85 million 380 müň adama ýetdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 156 müň 38 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 950 müň 201 adama ýetdi.

Eýranda koronawirusyň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň ýaýramagy sebäpli Yrak serhedindäki 2 gümrük geçelge ýapylar.Huzistan welaýatynyň gubernatory Kasym Süleýmani Deşteki: "Geçirilen derňewleriň netijesinde Kowid-19-yň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň Huzistan welaýatyna Yrakdan gelendigini subut edýär.

Mutasiýaly wirusyň köki başga bir ýurtdan gelýän hem bolsa epidemiýa garşy görülen çäreleriň çäginde Şelemçe we Jezzabe gümrük geçelgeleri şenbe gününden başlap 1 hepdeligine ýapyk bolar" diýip habar berdi.

Soňky 24 sagatda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Liwanda 60 adam artyp jemi 4 müň 152 adama, Tunisde 34 adam artyp 7 müň 651 adama, Marokkoda 13 adam artyp jemi 8 müň 517 adama ýetdi.

Wirusa ýoluganlaryň sany bolsa Liwanda 2 müň 479 adamlyk artyş bilen 346 müň 63 adama, Tunisde 787 adamlyk artyş bilen 225 müň 116 adama, Marokkoda bolsa 508 adamlyk artyş bilen 479 müň 579 adama ýetdi.

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy bilen bagly görülen öňüni alyş çärelere we köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan ýurdyň paýtagty Tokio şäherinde gezelenç eden hökümetiň başyndaky Liberal Demokrat partiýanyň deputaty Sirasuka Takaki, partiýasyndaky wezipesinden çekildi.

Ysraýylda ýaşaýjylarynyň aglabasy Ultraortodoks jöhitlerden ybarat bolan we koronawirusa ýolugan adamlaryň sanynyň köp bolan we şol sebäpli Ysraýylyň Uhan şäheri diýip hem häsýetlendirilýän Bneý Brak şäherinde sanjym işleri dowam etdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Maýmyn Mamasy Wirusy Türkiýede Ýok
ABŞ-da Omikron Sebäpli 1600-dan Gowrak Uçar Sapary Bes Edildi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili saglyk görkezmelerini berjaý etmegine ünsi çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar
Kanpurda 89 Adamda Ziku Wirusynyň Bardygy Anyklandy