Hindistanda köpçülikleýin nikadan geçmek boýunça iki rekord täzelendi

Hindistanda köpçülikleýin nikadan geçmek boýunça iki rekord täzelendi

Hindistanda köpçülikleýin nikadan geçmek boýunça dünýä rekordlarynyň ikisi täzelendi. Bir wagtda ýaş çatynjalaryň 2143 jübüti nikadan geçdiler. Waka ýurduň Rajastan ştatynyň Baran şäherinde geçdi. Rekord Ginnesiň kitabynda hasaba alyndy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Nikadan geçişlik 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda boldy we alty sagada golaý dowam etdi.

Şunlukda, bu ugurdaky öňki rekordlaryň ikisi: 12 we 24 sagadyň dowamynda nikalaşan jübütleriň sany boýunça rekordlar täzelendi. Dabara induist we yslam dinine uýýan ýaş çatynjalar gatnaşdylar.

Induist we yslam dinleriniň nikadan geçme däpleri berjaý edilenden soňra müňlerçe adamyň gatnaşmagynda nahar berildi.

Jübütleriň her birine gelinlik üçin şaý-sepler, düşek, aşhana gap-gaçlarynyň toplumy, holodilnik, telewizor we beýleki durmuş maksatly tehnika sowgat berildi.

Ýene degişli makalalar

Köpçülikleýin nikadan geçmek boýunça iki rekord täzelendi
Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly geý özi barada gürrüň bermek we diskussiýa başlamak isleýär
Taryhyň synagy (3-nji bölüm): Göçe-göçlük döwrüniň şaýatlary