Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň beren beýanynda Hindistanda her 100 milliondan gowrak Sputnik V koronawirus sanjymynyň öndüriljekdigi mälim edildi.
Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň beren beýanynda Hindistanda öňdebaryjy derman öndürijilerinden biri bolan Hetero kompaniýasy bilen dünýäde ilkinji hasaba alnan koronawirus sanjymy Sputnik V-iň 100 milliondan gowrak dozasyny öndürmeklik barada şertnama baglaşandyklary we önümçilige 2021-nji ýylyň başynda başlamaklygy meýilleşdirýändikleri mälim edildi.
Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň baş müdiri Kirill Dmitriýew, Hetero kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde sanjymyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli ýokarlanjakdygyny we munuň pandemiýa döwründe Hindistan halkyna täsirli derman berilmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Dmitriýew: Sputnik V sanjymy öz halkyny koronawirusdan goramaga synanyşýan her bir ýurduň milli sanjymyna öwrülmelidir. diýip belledi.
Hetero kompaniýasynyň halkara marketing menejeri Murali Krişna Reddi ýurtda sanjymyň kliniki synaglarynyň netijelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny we Hindistanda önümçiligiň näsaglara ideg işinde peýdaly boljakdygyny aýtdy.