Hindistanda hapa howadan gurluşyk materiallaryny öndürmegi öwrendiler

Hindistanda hapa howadan gurluşyk materiallaryny öndürmegi öwrendiler

Startapyň esaslandyryjysy hindistanly Tejas Sidnal ýurduň hapa howasyny gurluşyk plitalaryna öwrüp boljakdygyny subut etdi. Bu barada vokrugsveta habar berdi.

Tejas Sidnala öz ýurdunyň dünýäniň ähli ýurtlarynyň arasynda hapalanmak boýunça öňdebaryjy bolup, 30-dan 21-nji orunda durýandygy bilen ylalaşmak kyn düşdi diýip, çeşme belleýär. Şonuň üçin hem üç ýyl mundan ozal ýaş arhitektor howada agdyklyk edýän zyýanly zyňyndylardan uglerod plitalaryny öndürmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi.

Bir ýyl ozal Sidnal öz startapyny işe girizdi. Ýörite enjam atmosferadan kömürturşy gazyny sogrup alýar, ol bolsa mermer hem-de sement tozany we külkeleri bilen garylýar.Soň bolsa, alnan materialdan gidrawliki press arkaly plita emele getirilýär.

Adaty diwar plitalary bilen deňeşdirilende, “Carbon Craft Design” önümleriniň bahasy gymmadrak çykýar - her inedördül metr üçin 29 dollar.Emma Sidnal önümçiliginiň giňelmegi bilen geljekde bahalaryň arzanlamagyna umyt bildirýär.

Sidnal geljekde oýlap tapan tehnologiýasy bilen dünýäniň köp ýurtlarynyň gyzyklanjakdygyna ynanýar we häzirki wagtda maýa goýumlaryny işjeň çekýär.

Ýene degişli makalalar

“Huawei” täze akylly sagat çykardy
Akkordeon ýaly telewizor
Peugeot kompaniýasy logotipini täzeledi
Bagaja ýatagyndaky gaýtadan işlenilýän gazyň möçberi artýar
“Lebapgazçykaryş” müdirligi 7 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi
Awtoulagyň döwrebap taryhy
BMW uçýan ganat öndürdi