Zäherli gurum tüssesi sebäpli Hindistanyň Agra şäherindäki Täçmahal köşgi we Amritsardaky Harmandir-Sahib taryhy binasy görnenok. Şeýle-de, howa gatnawlarynyň onlarçasy wagtlaýyn togtadyldy diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Rambler.ru ýazýar.
Häzir Täçmahal hatda golaýdaky baglyklardan hem zordan saýgardýar. Nýu-Deliniň halkara howa menzilinde bolsa, görmek mümkinçiligi 300 metre çenli pese gaçansoň, uçuşlaryň 88 göterimi we gonuşlaryň 54 göterimi saklandy diýip, ýerli habar beriş serişdeleri habar berdi.
Ýurduň häkimiýetleri gurumyň döremegini howanyň ýokary derejede hapadygy, çyglylyk, pes şemal we howanyň temperaturasynyň pese düşmegi bilen baglaýarlar. Ýagdaý bilen baglylykda, ýerli ýaşaýjylar saglyklarynyň ýaramazlaşýandygyndan nägilelik bildirýärler. Hassahanalara kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlar allergiýa, üsgülewik, sowuklama we demgysma sebäpli ýüz tutýarlar.
Hünärmenler howanyň şu gün annada gowulaşjakdygyny çaklaýarlar.