Hindistanda dini baýramçylykdaky dyknyşykda 121 adam pida boldy

Hindistanda dini baýramçylykdaky dyknyşykda 121 adam pida boldy

Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatyndaky dini ýygnanyşykda 121 adam heläk boldy, 28 adam şikes alyp, hassahana eltildi. Bu barada TASS habar berdi diýip, Report.az ýazýar.

Betbagtçylygyň bolan ýerine hepdäniň sişenbe güni dindar Bhola Babanyň wagzyny diňlemek üçin 50 müň adam ýygnandy. Dyknyşyk Baba ýygnanyşygy terk edýärka başlandy, onuň yzyna eýerijiler hormat goýmak nyşany hökmünde onuň aýagyna el degirmek maksady bilen yzyndan ylganlarynda başlandy, köpler onuň yzynda ýere ýykyldy. Dindaryň goragçylary meýdançanyň çykalgasyny sakladylar. Şol wagt ýere ýykylan adamlar mähelläniň aýak astyna düşdi.

Çäräni guraýjylara garşy jenaýat işi gozgaldy. Polisiýa dindary gözleýär, ol wakadan soňra ýitirim boldy. Onuň haýyr-sahawat gaznasynda we öýünde barlag işleri geçirildi.

Ştatyň baş ministri Ýogi Aditýanath wakanyň sebäplerini kesgitlemek boýunça içgin seljerme geçirmek barada görkezme berdi. Ýurduň premýer-ministri Narendra Modi pida bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi hem-de pul kömegini bermek barada tabşyryk berdi.

Ýene degişli makalalar

Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy