Klimatologlaryň çaklamalaryna görä, Dana umman harasaty Hindistanyň kenarýakalaryna şu gün anna güni urulmaly. Ýurduň käbir ştatlarynyň, şol sanda Günbatar Bengaliýanyň we Odişiň ýaşaýjylaryny goramak üçin müňlerçe düşelgeler guruldy diýip, rg.ru habar berdi.
Ýerli gazetleriň ýazmagyna görä, Hindistanyň gündogar kenarýalaryndan million töweregi adam göçürildi. Howa menzilleri, mekdepler ýapyldy. Hindi demir ýollary 100 otly gatnawyny ýatyrdy.
Deňiz tupany öýleri, ýollary, oba hojalyk meýdanlaryny we tok geçirijileri ýok edip biler. Şeýle-de suw joşgunlaryny we süýşgünlerini döredip biler diýip, Hindistanyň Meteorogoliýa edarasy çarşenbe güni habar berdi.
Düýn Dana harasaty Bengal aýlagyndan Odişa ştatyna tarap süýşüp ugrady. 1-nji derejeli harasatda şemalyň tizligi sagatda 120 kilometre deň bolup, käbir ýerlerde 20 santimetrden hem köp ygal düşüp biler.
Hindistanyň harby-deňiz güýçleri we halas ediş toparlary doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.