Türkmen raýatlary saglygyny bejermek üçin Hindistana gatnamagyny dowam etdirýärler. Bu ýurda Türkmenistandan uçar gatnawy bolmasa-da, Türkmenistanyň ýaşaýjylary, şol sanda agyr hassalar, beýleki ýurtlaryň üsti bilen uçarly barmaga ýa-da goňşy döwletleriň üsti bilen gury ýer ýoluny ulanmaga mejbur bolýarlar.
Türkmenistandan Hindistana ýolagçy uçar gatnaw ýok, bu bolsa türkmen raýatlarynyň bu ýurda gitmegini kynlaşdyrýar. Muňa garamazdan, Hindistanda bejergä bolan isleg artýar, köpler bu ýurtda bejerginiň hiliniň has gowy we bahalar Türkmenistanyňkydan pes diýip hasap edýärler. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berýärler.
Pandemiýa döwründe köpler Hindistanda zerur operasiýalaryny etdirmek ýa-da planlaşdyrylan bejergisini almak mümkinçiliginden mahrum boldular. Indi, Türkmenistan adaty ýolagçy uçar gatnawyny çäkli görnüşde ýola goýup, koronawirus çäklendirmeleri ýeňilleşdirenden soň, türkmenler ýurtdan çykmagyň ýollaryny gözleýärler. Habarçylaryň sözlerine görä, iň arzan, ýöne kyn ýollaryň biri Özbegistanyň üstünden geçýär.
"Indi Özbegistandan geçýän ýol iň elýeterli hasaplanýar. Emma, gynansak-da, olaryň arasynda agyr hassalaram bar, ölüm ýagdaýlary hem bolýar" - diýip, Hindistanda bejergi alyp gelenleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, 25-nji oktýabra çenli azyndan üç ýogalan adamyň jesedi Lebap welaýatynyň Farap serhet gözegçilik nokadyndan geçip, ýurda getirilipdir. Bu hadysalaryň birinde Hindistanda bejergi alýarka ýogalan merhumyň garyndaşlary kömek soramak üçin Delidäki Türkmen ilçihanasyna ýüz tutupdyr, olara merhumy öýüne getirmegiň ýeke-täk ýolunyň Özbegistanyň üsti bilen, soňra Farapdaky gury ýer serhedinden geçmekdigi aýdylypdyr.
Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň raýatlary Hindistanda ýogalanlaryň ýerli däp boýunça ýakylmagyna seýrek razy bolýarlar, şonuň üçin ölen ýakynlaryny mümkin boldugyndan watanyna eltip, jaýlamaga synanyşýarlar.
"Merhumyň garyndaşlary 23-nji oktýabrda Deliden Daşkende bilet satyn almagy başardylar. Soňra Daşkentde bir awtoulagy hakyna tutdular we Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhedine baryp ýetdiler. Farap serhedinden geçip, 24-nji oktýabrda merhumy dogduk obasynda jaýladylar. Ýol maşgala üçin gaty agyr boldy, çykdajylar gymmada düşdi. Maşgala ähli pullaryny sarp edip, karz almaga mejbur boldy"- diýip, maşgalanyň hossary aýdýar.
Türkmenistanda soňky onýyllyklaryň dowamynda lukmançylyk hyzmatlarynyň gymmatlygy we hyzmatlaryň hiliniň pesligi ýurduň raýatlaryny saglygyny bejertmek üçin Hindistan, Türkiýe we Russiýa ýaly beýleki ýurtlara gitmäge mejbur etdi. Koronawirus pandemiýasy birnäçe wagtlap başga ýurtlara, şol sanda Hindistana bejergi üçin gidýän türkmenistanlylaryň akymyny togtadypdy.
Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly daşarky dünýä bilen ýolagçy uçar gatnawyny düýbünden bes etdi. Ýurduň müňlerçe raýaty, şol sanda ýurt daşynda bejergi alýanlar, öýlerine dolanmak mümkinçiligi doly ýitirip, ýat ýurtda galdy. Häkimiýetler olary getirmek üçin 6 aýdan soň ýörite uçuşlary guramalaşdyryp başlady.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň maý aýynda adaty uçar gatnawyny dikeldip başlady. "Türkmenhowaýollary" şondan bäri Dubaý, Gazan, Moskwa, Frankfurt, Minsk we Stambul şäherlerine uçarlary ýola goýdy.
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy, COVID-19-yň adaty alamatlary bilen ýüze çykan ençeme keselçilik tolkunlaryna we görlüp-eşidilmedik ölüm derejesine garamazdan, dünýäde öz çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmedik tas ýeke-täk ýurt bolup galdy.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.