Hindistan smartfonlaryň eksportyny artdyrdy

Hindistan smartfonlaryň eksportyny artdyrdy

Hindistan 2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde başlanan geçen maliýe ýylynda ykjam telefonlaryň eksportyny iki esse artdyrdy. Bu barada ýurduň Ykjam aragatnaşyk we elektronika assosiasiýasynyň (ICEA) maglumatlaryna salgylanyp, The Economic Times gazeti habar berdi. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Ýagny geçen ýylyň aprelinden bäri ýurt daşary bazarlara smartfonlaryň umumy bahasy 9 milliard dollara golaýyny ýerledi, bu bir ýyl öňküdäki 4,5 milliard dollar görkezijinden iki esse köpdür. Şunda ýanwar-fewralda eksportyň möçberi 2 milliard dollardan geçdi.

Bazarda öňdäki orunlary Apple we Samsung kompaniýalary eýeledi, olara bazaryň 55 we 35 göterimi degişlidir.

Şu maliýe ýylynda Hindistandan smartfonlaryň eksportynyň 11,6 millard dollara ýetmegine garaşylýar.

ICEA edarasynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň sentýabryndan bäri önüm öndürijiler Hindistandan her aýda takmynan 1 milliard dollarlyk harydy eksport edýärler.

Esasy eksport edilýän ýurtlar Beýik Britaniýa, Niderlandlar, Awstriýa we Italiýa bolup durýar. Öň ýurtdan smartfonlary esasy import edijiler Ýakyn Gündogar, Afrika we Günorta Amerika ýurtlarydy.

Ýene degişli makalalar

Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
Hindistanyň ady üýtgär
Индия решила сменить название
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Samsung şereketi Hindistanda smartfon ekranlaryny öndürip başlady