Hindistanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän çaknyşyklarda, rus goşunynyň hatarynda söweşýän Hindistanyň iki raýatynyň öldürlendigi habary gelip gowuşdy. Ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýäris” diýildi.
Beýannamada, Hindistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň rus ýolbaşçylardan ýogalan iki adamyň jesediniň yzyna berilmegini talap edendigi nygtaldy.
Beýannamada “Hindistandan şeýle hem raýatlarymyzyň rus goşunynyň hataryna alynmazlygyny talap edýäris. Şuňa meňzeş hereketler hyzmatdaşlygymyza bap gelmeýär” diýildi.
Beýannamada Hindistanyň raýatlaryna hem Russiýadaky iş bildirişleri meselesinde seresaply bolmaklary maslahat berildi.
Hindistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, rus goşunynyň hatarynda 200 hindi iş alyp barýar.