Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda halkara mango festiwaly geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, telekeçiler, žurnalistler gatnaşdylar.
Festiwalda guralan sergide myhmanlar mangonyň Hindistandan Türkmenistana ýörite getirilen görnüşlerini synlamak, olardan taýýarlanylan işdäaçarlary, içgileri, başga-da birnäçe tagamlary dadyp görmek mümkinçiligine eýe boldular.Dostlukly ýurduň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, Hindistanda miweleriň şasy hasaplanýan mango A we C witaminlerine baý bolup, iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar, adam bedeniniň immunitetini güýçlendirýär, deriniň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.
Myhmanlar hindi medeniýetinde örän uly orun eýeleýän mangonyň 1500-den gowrak görnüşiniň atlary, olary import etmegiň mümkinçilikleri bilen baýramçylygyň şanyna ýörite taýýarlanan kitapçalar arkaly tanyş boldular.
Çäräniň barşynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat mangonyň döreýiş taryhy barada gürrüň berip, onuň Hindistanda şatlygyň we dost-doganlygyň nyşany hasaplanýandygyny, şonuň üçin-de bu festiwalyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
Diplomatyň nygtaýşy ýaly, türkmen-hindi gatnaşyklary gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar.Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen mango festiwaly hem şol gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle-de ilçi häzirki wagtda Hindistanyň mangony eksport etmekde dünýäde birinji orny eýeleýändigini, dostlukly ýurduň bu tropik miwäni Türkmenistana-da eksport etmäge mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.
Festiwala gatnaşyjylara Hindistanda mangonyň ösdürilip ýetişdirilişi, hasylynyň ýygnalyp alnyşy, dünýäniň dürli ýurtlaryna ugratmak üçin gaplanylyşy bilen bagly wideoşekiller hem görkezildi.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti