Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde gurnalan medeni çäreleriniň sergisi

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde gurnalan medeni çäreleriniň sergisi

Türkmenistany we Hindistany gadymdan gelýän taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar.Häzirki döwürde iki döwletiň arasynda ähli pudaklarda, şol sanda medeniýet ulgamynda hem dostlukly aragatnaşyk has-da ösdürilýär.Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1-4-nji apreli aralygynda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrdy.

Bu sapar hindi Lideriniň Türkmenistana ilkinji saparydyr.Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň ýurdumyza gelmegi bilen diýarymyzda geçirilýän dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan eserlerden gurnalan sergi iki döwletiň dostlukly gatnaşyklaryny wasp edýär.

Sergide halypa suratkeşler Durdy Baýramowyň “Hindi zenany.”, Şamuhammet Akmuhammedowyň “Medresedäki talyp gyz.”, Çary Amangeldiýewiň “Muhammet Baýram han”, Stanislaw Babikowyň “Madrasly zenan”, Işan Işangulyýewiň “Baýram han barada oýlanma”, Batyr Bekmyradowyň “Hindistan”, Jahan Hanowanyň “Hindi tansçysy Manakşy Subharyň portreti” atly eserleriniň uly toplumy sergilendi.

Türkmen halkynyň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp barýan işlerinde hormatly Prezidentimize uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Zehinler zehinler hakda: baýramçylyga bagyşlanan sergi
Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!
Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa aşgabatlylary öz toplan eserleri bilen tanyşdyrdylar
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi
Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi
Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar