Hindistan onlaýn G20 sammitini geçirer

“Uly ýigrimiligiň” (G20) onlaýn sammiti şu ýylyň 22-nji noýabrynda geçiriler. Bu barada G20 toparynyň guramaçylyk komiteti habar berdi. – G20 liderleriniň wirtual sammiti 2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda geçiriler diýip guramaçylar bellediler.

Ondan öň Hindistanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Arindam Bagçi, Nýu-Deliniň eýýäm G20 toparynyň onlaýn sammitine çakylyk iberendigini we bileleşigiň ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň mümkin boldugyça gatnaşmagyna garaşýandygyny aýtdy.

9-10-njy sentýabrda Nýu-Delide ýüzbe-ýüz geçirilen G20 sammitinde Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi toparyň ýolbaşçylarynyň maslahatyny noýabr aýynda wirtual görnüşde geçirmegi teklip edipdi. Modi öňde boljak onlaýn sammitiň dowamynda senyýabr aýynda guralan maslahatda dünýä liderleri tarapyndan öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň çaltlaşdyrylmagyna garaljakdygyny aýdypdy.

G20 sammiti 9-10-njy sentýabrda Nýu-Delide ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirilipdi. Oňa G20 liderleri we Bangladeş, Müsür, Ispaniýa, Mawrikiý, Nigeriýa, Niderlandlar, BAE, Oman we Singapur ýaly ýene-de dokuz ýurduň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Hindistan global azyk howpsuzlygy üçin çözgüt hödürläp biler
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi