Hindistan öňdäki ýazda ilat sany boýunça ilkinji orna çykyp biler

Hindistan öňdäki ýazda ilat sany boýunça ilkinji orna çykyp biler

Žurnalist Jeremi Peýj The Economist gazetinde çap edilen makalasynda Hindistanyň ilat sany boýunça 2023-nji ýylyň ýazynda Hytaýdan ozup biljekdigini ýazdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň çaklamalaryna görä, Hindistan ilatynyň sany boýunça eýýäm 14-nji aprelinde dünýäde ilkinji orna çykar, bu waka ýurt üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Hünärmenleriň baha bermegine laýyklykda, Hindistandaky ilatyň çalt köpelmegi 2050-nji ýyllara çenli dowam eder.

Žurnalist Jeremi Peýj makalasynda Hindistan bu ýagdaýdan özi üçin artykmaçlyk gazanmagy başararmyka? diýen sowaly orta atýar.

Geçen ýylyň noýabrynda demograflar 2050-nji ýylda Russiýanyň ilat sany babatda öňdäki ýurtlaryň 10-lugyndan çykjakdygyny çaklapdylar. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri
Economist neşiri ýylyň ýurduny saýlady
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler
Ähli döwürleriň iň oňat maýadarlarynyň biri Jim Saýmons aradan çykdy
Türkmenistan ýurtlaryň asudalygyny ölçeýän indeksde 7 dereje ýokary galdy
Türkmenistan Ählumumy asudalyk indeksinde ýokary galdy