Hindistan Kohinur göwherini talap etmekçi

Hindistan Kohinur göwherini talap etmekçi

Hindistan Beýik Britaniýany kolonial geçmiş üçin haklaşmaga mejbur eder we imperiýa döwründe ýurtdan äkidilen gymmatlyklary yzyna gaýdyp almak boýunça diplomatik iş geçirer diýip, The Telegraph neşirine salgylanýan News.ru ýazýar.

Nýu-Delidäki resmi adamlaryň pikiriçe, bu Britaniýadan repatriasiýa boýunça iň iri talap bolar, Hindistan müňlerçe taryhy gymmatlyklary, ilkinji nobatda şa aýal Ýelizawetanyň täjini bezeýän Kohinur göwherini gaýdyp almak isleýär.

Bu iş bilen Hindistanyň ministler we diplomatik düzümi meşgullanmakçy diýlip habarda aýdylýar.

Hindistanyň Medeniýet ministrliginiň kätibi Gowind Mohan Britaniýadan gadymy milli gymmatlyklaryň gaýdyp alynmagynyň esasy maksat bolup durýandygyny tassyklady.

Iki ýyl mundan öň şeýle talap bilen Gresiýanyň hökümeti hem Beýik Britaniýa ýüzlenipdi. Gresiýa, esasan, ýurtdan XIX asyrda äkidilen Parfenonyň mermer heýkelini gaýdyp bermegi talap etdi. Häzirki wagtda grek ybadathanasynyň bahasyz gymmatlyklary Britan muzeýinde sergilenýär.

Ýene degişli makalalar

Oksford uniwersiteti Hindistana 500 ýaşly heýkeljigi gaýdyp berer
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Gymmat bahaly zatlary yzyna gaýtarmakçy
Türkmenistan Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmaga taýýar
Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasy gurlar
Aşgabatda we Duşanbede türkmen-täjik söwda öýleri dörediler