Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy

Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy

Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy, häzir ol ýerde 1,44 milliard adam ýaşaýar. Ikinji orunda 1,425 mlrd adam bilen Hytaý ýerleşdi diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) nutugynda aýdylýar. Bu barada Rambler.ru ýazýar.

Gazna hindi ilatynyň artmagyny ýurtda sosial-ykdysady ýagdaýyň gowulanmagy we ene ölüminiň derejesiniň peselmegi bilen baglaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň çaklama bahalandyrmalaryna görä, Hytaýyň ilaty 2022-nji ýyldan bäri azalýar.

Bilermenler Hytaýyň ilaty şu asyryň ahyryna çenli 1 milliard adamdan hem azalyp biler, Hindistanyň ilaty bolsa, öňdäki onýyllyklaryň dowamynda artmagyny dowam eder diýip, çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ýaşlaryň arasynda welosipedli ýöriş geçirildi
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy
Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar 
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy