Hindistan global azyk howpsuzlygy üçin çözgüt hödürläp biler

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Nýu-Delide oba hojalygy boýunça ykdysatçylaryň halkara maslahatyny açyp, azyk howpsuzlygy babatda öň bütin dünýäde alada döredip gelen Hindistanyň indi ählumumy azyk we iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek barada çözgütleri teklip edip bilýän ýurtda öwrülendigini belledi.

Modi Hindistanyň şunuň ýaly halkara maslahatyny soňky gezek 65 ýyl mundan öň geçirendigini ýatlap geçdi.Onuň sözlerine görä, şol döwürde Respublika azyk we oba hojalyk pudagynda kyn ýagdaýy başdan geçirýän täze garaşsyz ýurtdy.

-Bu gün Hindistan azyk harytlaryny bol öndürýän döwlet bolup, ýurdumyz süýt, kösükli önümler, däne, miwe, gök-bakja, pagta, şeker, çaý, balyk önümçiligi boýunça dünýäde ikinji orunda durýar – diýip, Modi nygtady. Ol öz ýurdunyň azyk ulgamyny üýtgedip gurmakdaky tejribesiniň ählumumy Günorta üçin bähbitli boljakdygyna umyt bildirdi.

Narendra Modi Hindistanda 120 million fermeriň, 30 milliondan gowrak zenan fermeriň, 30 million balykçynyň we 80 million maldaryň işleýändigini habar berdi. Modi maslahatda eden çykyşynda häzirki wagtda ýurtda 500 milliondan gowrak öý haýwanlarynyň bardygyny aýtdy.

Maslahatyň esasy temasy “Durnukly oba hojalygy we azyk ulgamlaryndaky özgerişlik” boldy. Oňa 75 töweregi ýurtdan müňe golaý wekil gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Hindistan onlaýn G20 sammitini geçirer
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi