
Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň aýagynda äleme ilkinji ekipažly milli kosmos gämisini uçurmakçy, 2035-nji ýylda bolsa ýurduň öz orbita bekedi peýda bolar diýip, TASS habar berdi.
Bu ugurdaky maksatnama Gaganýan diýlip at berildi, oňa görä, 2025-nji ýylda hindi astronawtlary açyk äleme çykarlar diýip, Hindu gazeti ISRO guramasynyň başlygy Şridhar Paniker Somnathyň sözlerini getirýär.
2018-nji ýylyň awgustynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi öz ýurdunyň 2022-nji ýylda äleme ilkinji ekipažly kosmos gämisini uçurjakdygyny habar beripdi.
Emma koronawirus ýokanjy sebäpli bu we beýleki taslamalar soňa goýuldy.
Hindi astronawtlarynyň dördüsiniň Russiýanyň kosmos edarasynda taýýarlyk geçendigi habarda bellenýär.