Hindistan Dünýäniň Iň Köp Ilatly Ýurdy Bolar

Hindistan Dünýäniň Iň Köp Ilatly Ýurdy Bolar

BMG-nyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) 2023-nji ýylda dünýäniň ilatynyň sany hakyndaky habarnamasy çap edildi.

Habarnamada, Hindistanyň ilatynyň ýylyň ortasynda Hytaýdan takymynan 3 million adam öňe geçjekdigi nygtalýar.

Habarnamada Hindistanyň ilatynyň 1 milliard 428 milliona ýetmegine garaşylýandygy bellenilýär.

Habarnamada, başda Kongo Demokratik Respublikasy, Müsür, Efiopiýa, Hindistan, Nigeriýa, Pakistan, Filippinler we Tanzaniýa bolmak bilen 8 ýurduň 2025-njy ýyla çenli göz öňünde tutulýan dünýäniň ilatynyň çak edilýän ösüşüniň ýarysyny emele geritjekdigi nygtaldy.

BMG-nyň görkezijilerine görä, 1950-njy ýyldan bäri Hindistanyň ilaty ilkinji gezek Hytaýdan öňe geçer.

Hytaýyň ilaty 2022-nji ýylda 800 müň adam azalyp, 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek aşaklapdy.

Habarnamada, Hytaýyň ilatynyň 2050-nji ýylda 1 milliard 317 million, asyryň ahyrynda bolsa 766 müň milliona çenli aşaklamagyna garaşylýandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi
Dünýä ilaty artýar, çaga dogluşy azalýar
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Afrikanyň ilaty artýar
Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi
Aşgabatda ýaşlaryň arasynda welosipedli ýöriş geçirildi