Hindistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda täze söwda ýoly esaslandyrylar

Hindistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda täze söwda ýoly esaslandyrylar

Hindistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda täze söwda ýoluny esaslandyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (GSTB) ýolbaşçysy Danil Ibraýewiň Bişkekdäki hindi işewürleriniň wekiliýeti bilen duşuşygynda beren beýanatyna salgylanyp, “Tazabek” internet neşiri çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, Ibraýew Hindistan bilen söwda ýoluny esaslandyrmak üçin GSTB-niň Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol dolandyryjylary bilen gepleşikleri geçirendigini nygtady.

GSTB-niň ýolbaşçysy bir aýyň dowamynda bu söwda ýolunyň bäsdeşlige ukyply nyrhlarda synag otlusynyň gatnawynyň taýýar boljakdygyny aýtdy.

Danil Ibraýewiň bellemegine görä, Hindistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda Eýranyň Bandar Abbas şäherindäki portuň üsti bilen amala aşyrylar. Portuň üsti bilen Hindistandan gelen harytlar demir ýol bilen Gyrgyzystanyň günortasyna we yzyna iberilip bilner.

Bu söwda ýolunyň 1 müň 600 kilometrlik bölegi Eýranyň çäginden geçip, Sarahsyň üsti bilen Türkmenistana, soňra Özbegistanyň üsti bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherine geçer diýip, GSTB-niň ýolbaşçysy Danil Ibraýew belledi.

Ibraýew Bandar Abbas portundan Oş şäherine çenli söwda ýolunyň umumy uzynlygynyň 3 müň 60 kilometre deň boljakdygyny we syýahat wagtynyň 10 güne çenli dowam etjekdigini sözüniň üstüne goşdy. Hindi işewürler wekiliýetiniň başlygy Asif Ykbal hem Hindistandan Bandar Abbas portuna barýan deňiz ýolunyň 12 gün dowam edýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Telekeçileriň ylalaşygy esasynda Türkmenistandan Gyrgyzystana ilkinji ýük iberildi
Bişkekde Türkmenistandan baran ýükler garşylanyldy
Gyrgyzystana Türkmenistandan eltilen gök önümler bir hepdeden hem az wagtda satyldy
Eýran Gyrgyzystana Bandar Abbas portundan ýer bölegini berer
Olaf Şols gaýtadan dalaş etmekçi
Fossil kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi