Hindi obasynyň ýaşaýjylary gaýdyp gelen itiň hormatyna baýramçylyk guradylar

Hindi obasynyň ýaşaýjylary gaýdyp gelen itiň hormatyna baýramçylyk guradylar

Hindistandaky obalaryň biriniň ýaşaýjylary ýiten we soňra gaýdyp gelen itiň şanyna uly baýram guradylar diýip, Goodnews Network neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Habar beriş serişdeleri dolanyp gelen iti obalylaryň şatlykly gygyryşyp garşylandyklaryny ýazýar. Olar köpegi baýramçylygyň geçýän ýerine çenli şatlyk-şowhun bilen ugratdylar. Köpegiň öň goňşy ştatdaky zyýarat wagty ýitendigi, emma onuň 300 kilometr ýol geçip, obasyna gaýdyp gelendigi habar berilýär. Men ony hemme ýerden gözledim, emma tapyp bilmedim diýip, itiň eýesi gürrüň berýär.

Eýesiniň aýtmagyna görä, iti obalylaryň ählisi tanaýar hem-de gowy görýärler. Şonuň üçin ol ýitende, hemmeler gynandylar. Indi hindistanly ýagdaýyň ýene gaýtalanmazlygy üçin itine berk gözegçilik etjekdigini gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda C5+O.N.E. maksatnamasynyň üçünji tapgyrynyň gutardyş dabarasy geçirildi
Alymlar uzak ýaşamagyň esasy üç sebäbini agzadylar
Türkmenaragatnaşyk Huawei we Nokia kompaniýalary bilen şertnama baglaşar
"Altyn asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
“ViacomCBS” kompaniýasy “Paramount Pictures” kinostudiýasyny üýtgedip gurar
Harmana iň az pagta tabşyrýan Balkan ýygym işlerine welaýatlardan gelenleri, arakhorlary we ten söwdasyny edýänleri mejbury çekýär