Hindi kompozitory Bappi Lahiri aradan çykdy

Hindi kompozitory Bappi Lahiri aradan çykdy

Hindi kompozitory we aýdymçysy, Bolliwudda disko eýýamynyň nusgawy wekili hasaplanan Bappi Lahiri 69 ýaşynda Mumbaýyň hassanalarynyň birinde aradan çykdy. Bu barada onuň lukmany Dipak Namdjoşi habar berdi.

Lukman kompozitoryň bir aý hassahanada bejergi alandygyny, emma ötüşen keselleriniň köp bolmagynyň ony halas etmäge päsgel berendigini, ahyrynda kompozitoryň ukudaka dem almanyň durmagyndan aradan çykandygyny gürrüň berdi.

Bappi Lahiri (hakyky ady Alokeş Lahiri) sazandalaryň maşgalasynda dünýä indi, ol ilkinji bolup hindi kinosyna disko saz ugruny girizdi.

Onuň aýdym-sazlary Diskonyň tansçysy, Tans et, tans et, Komandos we Söýgi, söýgi, söýgi ýaly ýüzlerçe filmlerde ýaňlandy.

Bu barada iz.ru saýty habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Dört aý dowam eden toý
Russiýa Türkmenistanyň üstünden Hindistana barjak konteýner otlusyny ugratdy
RŽD Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ugry boýunça demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýdy
Amina Mohammed Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna barar we suw meselesi boýunça konferensiýa gatnaşar
“Bollywood”-yň iki meşhur ýyldyzy durmuş gurdy
Hindi aýdymçysy Lata Mangeşkar aradan çykdy