Hindi kino sungatynyň gözel ýyldyzy Aişwarýa Raý 50 ýaşady

Şu gün 1-nji noýabr hindi kino sungatynyň görnükli wekili, owadan ýyldyzy Aişwarýa Raý Baççanyň doglan güni. Ol şu gün 50 ýaş toýuny toýlaýar.

1973-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Karnatka sebitiniň Mangalore şäherinde biolog Krişnaraj bilen öýbikesi Wrindanyň maşgalasynda dünýä inýär.Soňra olar Hindistanyň ýüregi hasaplanýan Mumbaý şäherine göçüp gelýärler.

Aişwarýa Raý bu ýerde 5 ýyllap nusgawy tanslardan sapak alýar. Çagalykdan zooligiýa uly gyzyklanmasy bolan Aişwarýa 1991-nji ýylda fotomodellik ýaryşynda ýeňijisi bolmak bilen başlanan karýera oňa ilki 1994-ýylda Älem gözeli täjini gazandyrýar, soňra bolsa hindi kino sungatynyň meşhur artistligini getirýär.

1997-nji ýyldaky “Iruvar” filmi onuň ilkinji kinosy bolup, ol “Hum Dil De Chuke Sanam” (1999), “Mohabbatein” (2000), “Devdas” (2002), “Chokher Bali (2003), “Raincoat” (2004), “Umrao Jaan” (2006), “Dhoom 2” (2006), “Guru” (2007), “Jodhaa Akbar” (2008), “Sarkar Raj” (2008), “Guzaarish” (2010), “Jazbaa” (2015), “Sarbjit” (2016), “Ae Dil Hai Mushkil” (2016) ýaly hindi we tamil, şol sanda bengali dillerindäki filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýär.

Aishwarýa Raý iňlis dilindäki filmlerde hem surata düşüp, ol 2004-nji ýylda “Bride and Prejudice”, 2005-nji ýylda “The Mistress of Spices” 2007-nji ýylda “The Last Legion”, 2009-njy ýylda “The Pink Panter 2” ýaly ekran eserlerinde-de özüne ynanylan keşpleriň aňryýany bilen hötdesinden gelýar.

2009-njy ýylda Hindistanyň 4-nji derejeli ýokary sylagy bolan Padma Shri baýragy bilen sylaglandy. 11 gezek Filmfare baýragyna dalaşgär görkezilen Aişwarýa Raý Baççan “Hum Dil De Chuke Sanam” hem-de “Devdas” filmlerindäki keşpleri üçin iň gowy aktrisa ugry boýunça ýeňiji bolýar.

Ol bu filmlerdäki keşbi bilen IIFA baýraklaryna-da laýyk görülýär. “Screen Awards”, “Stardust Awards” ýaly baýraklaryň hem birnäçe gezek ýeňijisi bolan Aişwarýa Raý Baççan 2003-nji ýylda Kann film festiwalynda eminleriň biri bolýar.

2007-nji ýylda hindi kino sungatynyň ägirdi Big B-niň, ýagny Amitabh Baççanyň ogly Abişek Baççan bilen durmuş guran Aişwarýa Raýyň 1 gyzy bar.

Owadan aktrisa 2018-nji ýyldaky “Fanney Khan” filminden soň geçen ýyl tamil dilindäki “Ponniyin Selvan: I” filminde, şu ýylam şol filmiň 2-nji bölüminde esasy keşpleriň birini janlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ýemendäki Elektrik Beketlerini, Porty we Nebit Desgalaryny Bombalady
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar