Himiýa ylmy döwrebap derejede ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.Bu babatda ýurdumyzyň baý ýerli çig mallaryny ulanmak bilen döwrebap önümçilikleriň döredilmegi bolsa, türkmen ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda çig mallaryň gaýtadan işlenilýän hem-de baýlaşdyrylýan görnüşleriniň möçberi barha artýar. Şunlukda, mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň hasabyna himiýa pudagy hem täze ösüş belentliklerine barýar.

Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.Bu babatda himiýa senagatyna hem uly orun degişlidir.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklandy.

Maksatnamanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda özgertmeler durmuşa geçirilende, ylmyň eýeleýän ornuny artdyrmakdan, ekologiýa taýdan arassa we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde himiýa ylmynyň mümkinçiligini peýdalanmakdan, täzeçil we sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyň himiýa önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol maksatnama esasynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hususan-da azot, kaliý dökünlerini, kaustik sodany, kükürt kislotasyny, ammoniý sulfatyny, tebigy kükürdi, tehniki ýody, bromly demiri, rezin-tehniki önümleri, lakreňk materiallary, sement we beýleki wajyp önümleri almaklygyň täze kuwwatlyklary döredilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Ýokary derejede awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilen bu önümçilikler iň öňdebaryjy häzirki zaman tilsimatlary we enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýod-brom, Garabogazyň tebigy duzlaryny, Magdanlynyň kaliý, selestin we beýleki magdanlaryny has doly we toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça hem degişli işler ýola goýulýar.

Şeýle hem geljekde himiýa ylmynyň we täze himiýa tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça yzygiderli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň himiýa ulgamynyň bilermenleri galyndysyz we ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň alternatiw çeşmelerini öwrenmek bilen, ýurdumyzyň derman senagatynyň ösmegine uly goşant goşýarlar, importyň möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini açmak maksady bilen ýerli serişdeleriň esasynda täze serişdeleriň üstünde işleýärler.

Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.Olarda dünýäniň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig maly öndürýän hususy kärhanalary gurmak we olaryň işini ýola goýmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenhimiýa döwlet konserniniň önümçilik kärhanalary bolan hem-de döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň, Tejenkarbamid, Marykarbamid, Hazar himiýa, Balkanabat we Bereket ýod zawodlarynyň, Guwlyduz kombinatynyň, Maryazot hem-de Garabogazsulfat önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň we Dökünhimiýa kärhanasynyň işgärleri ýokary önümçilik netijelerini gazanýarlar.

Nurgözel ÝAZYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

The post Himiýa ylmy döwrebap derejede ösdürilýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

31.03.2018 | Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
26.07.2017 | Himiýa senagaty daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutmakda esasy orny eýeleýär
17.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
25.02.2020 | Ylma daýanmak — Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmegiň ugry