Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde iri halkara çäre himiýa boýunça III Halkara olimpiadasy geçiriler. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça III Halkara olimpiada 2530-njy noýabr aralygynda göni gatnaşmak arkaly geçiriler.
Diýarymyzyň baýry ýokary okuw mekdebinde himiýa dersi boýunça Halkara olimpiadasynyň eýýäm üçünji gezek geçirilmegi tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwretmek we bu ugurda halkara tejribesini ösdürmek babatda uly işleriň ýerine ýetirilýändigini äşgär edýär.
Bu olimpiada, öz gezeginde, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň himiýa dersini özleşdirmek boýunça derejesini bahalandyrmakda, ýaşlaryň himiýa ylmyny öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakda hem aýratyn orna eýedir.Halkara ülňülerine laýyklykda, himiýa dersi boýunça Halkara olimpiadasynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri eminlik ederler.
Himiýa tebigy ylymlara degişlidir we ol tebigatda bolýan dürli hadysalary, olaryň syrlaryny açyp görkezmäge adamzada ýakyndan kömek berýär.Himiýa ylym hökmünde birden ýüze çykmady.Ol asyrlar boýy tejribeleriň, ylmy çaklamalaryň we kanunalaýyklyklaryň esasynda dura-bara emele geldi.
Himiýa maddalar baradaky ylym bolmak bilen, onuň öňünde maddalaryň düzümini we gurluşyny dürli usullar bilen düýpli öwrenmek, himiki täsirleşmelerde maddalar bilen bolup geçýän hadysalaryň sebäplerini düşündirmek meselesi durýar.Laçyn ARTYKOWA, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_67407498dfb15_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67407498dfb15_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }