Himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary belli boldy

Himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary belli boldy

2022-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy alymlar toparyna amerikalylar Karolin Bertossi bilen Barri Şarplesse, şeýle-de daniýaly Morten Meldala berildi. Bu barada Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Alymlar klik-himiýany we bioortogonal himiýany ösdürendikleri üçin ýeňiji boldular diýip, komitet belleýär. Şarpless bilen Meldal klik-himiýanyň düýbüni tutdular, Bertossi bolsa ony janly organizmler bilen bagly ulanyp başlady. Şarpless üçin bu ikinji Nobel baýragy. 2001-nji ýylda ol Uilýam Noulz (ABŞ) we Riodzi Noiori (Ýaponiýa) bilen bilelikde farmasewtika üçin zerur bolan aýna molekulalaryny öndürer ýaly katalizatorlary açandygy üçin laureat boldy.

Bu gezek Şarpless ýönekeý we ygtybarly himiýa bolan klik-himiýa konsepsiýasyny oýlap tapdy.Onda reaksiýalar çalt bolup geçýär we gerekmez goşmaça önümler aradan aýrylýar.Tiz wagtdan ol we Meldal, hersi aýratynlykda, azidler bilen alkinleriň arasyndaky reaksiýany düzüminde mis saklaýan katalizatorlar bilen azid-alkin sikl birleşmesini görkezdiler.

Hünärmenler muny “klik-himiýanyň merjeni” diýip atlandyrýarlar: häzirki wagtda bu himiki reaksiýa farmasewtik serişdeleri taýýarlamakda, DNK-ny kartalaşdyrmakda we munuň üçin gerekli materiallary döretmekde ulanylýar.Bertossi klik-himiýany täze derejä çykarmagy başardy. Öýjükleriň üstündäki möhüm, ýöne göze ilmeýän biomolekulalary glikanlary kartalaşdyrmak üçin, ol janly organizmleriň içinde ýüze çykýan reaksiýalary gazanyp bildi. Şeýle bioortogonal reaksiýalar öýjügiň himiki düzümini bozmazdan bolup geçýär.

Indi bu reaksiýalar öýjükleri öwrenmek we biologiki proseslere gözegçilik etmek üçin ulanylýar.Olaryň kömegi bilen alymlar rak keseline garşy serişdeleri dozalara bölmegi kämilleşdirdiler, häzir bu usul kliniki synaglardan geçýär.

Ýene degişli makalalar

30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
“Putin Ukraina Bilen Stambulda Başlan Parahatçylyk Gepleşiklerine Uly Ynam Bildirýär”
Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi
Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy
Dünýäde iň uly ýeralma kädi bolup çykdy
2009-njy ýylda ABŞ-da talaňçylykda we adam öldürmekde aýyplanan Türkmenistanyň raýaty 19 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi