Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi

Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi

2021-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliziň ösdürilendigi üçin Benýamin List bilen Dewid Makmillana berildi. Bu usul täze dermanlaryň taýýarlanmagyna uly täsir edip, himiýany ekologiýa taýdan arassa etdi. Bu barada Nobel komiteti öz saýtynda habar berýär diýip, TASS belleýär.

Dewid Makmillan britan-amerikaly himik, häzirki wagtda ol Prinston uniwersitetinde (ABŞ) işleýär. Benýamin List germaniýaly himik, ol Maks Plank Jemgyýetiniň kömür gözlegleri institutynda işleýär. Olaryň ikisi-de, biri-birine garaşsyz, 2000-nji ýylda asimmetrik organiki kataliz usulyny işläp düzdüler.

Kataliz diýlip netijede alnan önüme täsir etmeýän maddalaryň kömegi bilen himiki reaksiýanyň tizlenmegine aýdylýar. Şeýle maddalara katalizator diýilýär. Organiki katalizde ugleroddan, wodoroddan, kükürtden, fosfordan we organiki birleşmelere mahsus bolan beýleki metal däl elementlerden ybarat katalizatorlar ulanylýar. Şonuň netijesinde organiki kataliz beýleki görnüşlere garanyňda ekologiýa taýdan arassa we arzandyr.

Geçen ýyl baýragy CRISPR/Cas9 genomyny redaktirlemek usulyny öňe sürendikleri üçin Jennifer Dudna bilen Emmanuel Şarpantýe aldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy, geçen ýyl bolşy ýaly, onlaýn görnüşde geçiriler. Nobel medalyndan we diplomyndan başga-da, laureatlar 10 mln kron möçberinde pul baýragyny alarlar.

Ýene degişli makalalar

Bedenimizi bölüşýän, bize degişli bolmadyk trillionlarça öýjükler
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi
Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa bardy
Kuzbassdaky şahtada partlama boldy
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
Öýüňizden çykman, dünýäni maşynly aýlanyň!