Hilli Rowachpack gaplary — harydyňyzyň ygtybarly goragy

Hilli Rowachpack gaplary — harydyňyzyň ygtybarly goragy

Rowachlan Galkynysh HK — polipropilenden dürli hili gaplary öndürmek bilen meşgullanýar. Rowachlan Galkynysh kärhanasyndan önüm sargyt etmek bilen, müşderiler ýokary hilli gaplary hem-de harytlar üçin amatly bahalary alýarlar.

Kärhana polipropilenden taýýarlanylan Rowachpack haryt nyşanly big-beg gaplaryny, ýeňleri, azyk harytlary üçin haltalary hödürleýär.

Rowachpack gaplarynyň polipropilenden ýasalýan ýönekeý, amatly hem elýeterli gaplama materialy birnäçe artykmaçlyga eýedir.

Polipropilen ýokary dartyşa we ýuwulmak şertine çydamlylygy bilen häsiýetlendirilýär. Munuň özi daşalýan we saklanylýan önümleriň iň kyn şertlerde hem howpsuz bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, polipropilen gaplamasy daşalýan zatlary çyglylykdan, tozandan we beýleki daşarky faktorlardan ygtybarly goramagy üpjün edýär.

Polipropilenden öndürilen gaplama önümleri himiki maddalaryň köpüsi bilen täsirleşmeýär, bu hem onuň iýmit, kosmetika, hojalyk himiki serişdelerini we beýleki önümleri gaplamak üçin amatly materialdygyna şaýatlyk edýär.

Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69.

Elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rowachpack kärhanasynyň polipropilenden taýýarlanýan önümleri halkara ülňülerine laýyk gelýär
Rowachlan Galkynysh köpugurly we tygşytly polipropilen ýeňlerini hödürleýär
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar