Owadan Ülke kärhanasy 5 — 7-nji noýabr aralygynda Özbegistanda geçirilen Azyk senagatynyň we restoran industriýasynyň FoodWeek Uzbekistan 2024 atly 27-nji halkara sergisinde Türkmenistana wekilçilik etdi.
Bu ýerde onlarça kompaniýa öz täze önümlerini we gazananlaryny hödürledi, şolaryň hatarynda Owadan Ülke kärhanasynyň diwarlygy myhmanlaryň we guramaçylaryň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Serginiň ahyrynda guramaçylar degişli pudagyň ösmegine saldamly goşant goşandygy üçin Owadan Ülkäni Hormat Diplomy bilen sylagladylar.
Sergä gelenler kompaniýanyň meşhur haryt nyşanly önümleriniň: Nur, Mylaýym, Hazyna hem-de Esmo ýaly önümleriniň tanyşdyrylyşyna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Nur haryt nyşanly önümler — ajaýyp tagam sazlaşygy bolan kitirdäp duran marinadlanan hyýar we özüniň tebigy tagamy bilen myhmanlaryň ýokary bahasyna eýe bolan maýonez dadyp görenlerde has-da gowy täsirleri galdyrdy. Dadyp görmek hödürlemesi Owadan Ülke önümleriniň ýokary önümçilik ülňüsine kybap gelýändigini we ýokary hilini aýdyň açyp görkezdi.
FoodWeek Özbegistan 2024 sergisinde gazanylan üstünlik kompaniýanyň halkara bazaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň gerimini giňeltmekde nobatdaky ädim boldy. Owadan Ülke täze hyzmatdaşlary hil we innowasiýa ýörelgelerini paýlaşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.
Owadan Ülke bilen habarlaşyň: • telefon belgisi: (+993 63) 29 82 28; • web saýty: owadanulke.com; • elektron poçta salgysy: info@owadanulke.com; • sosial media ulgamyndaky sahypasy; • TikTok.
Şeýle-de okaň: