Hormatly “Türkmenistanyň Hronikasy”!
Men bu hatymy türkmen häkimiýetleriniň Ukraýinadaky wakalar bilen bagly hereketlerine öz pikirlerimi beýan etmek üçin ýollaýaryn we siziň ony çap etjekdigiňize ynanýaryn.
Men Rusýada ýaşaýaryn we zähmet çekýärin. Emma, rus raýatlygym ýok we Türkmenistanyň raýaty hökmünde biziň hökümetimiziň “bombalanýan Ukraýinadaky” raýatlarynyň ykbalyna biperwaýlygyny berk tankytlaýaryn.
Rus harbylarynyň Ukraýina girmegine we birnäçe şäherlerini şol sanda, Çernobyl AES-ny basyp almagyna dünýä jemgyýetçiligi uly alada bildirip,berk ýazgarýandygy we ýurtdaky raýatlaryny goramak üçin elde baryny edýändikleri barada daşary ýurt habar serişdelerinden öwrenýäris.
Emma, siziň hem ýazyşyňyz ýaly, (bu barada 24-nji fewralda maglumatyňyzy okadym) türkmen häkimiýetleri garaşsyz bir ýurdyň çägine hamana, öz raýatlaryny goramak bahanasy bilen girip, bombalaýan Kremliň hereketlerine öz reýaksiýasyny bildirmekden geçen, Ukraýinadaky ýüzlerçe raýatlarynyň goramak üçin haýsyda bir aladany (iň bolmanda, entek bu babatda hiç bir resmi beýannama ýok) etmeýändigi lapykeç edýär.
Eýse, Ukraýinadaky esasan, student oglan-gyzlarymyz näme etmlei? Olaryň häzir Ukraýinadaky ýeke-täk hossary Türkmenistanyň ilçihanasy dälmi? Student ýaşlarymyz ýurdumyzyň geljegi dälmi? Olar öňem ene-atalaryndan iň bolmanda, yzygiderli pul kömegini alyp bilmeýändigi üçin gurluşyklarda, restoranlarda we beýleki ýerlerde işleýärler.
Indi hemme hemme iş ýerleri diýen ýaly wagtlaýynça ýapylan wagtynda ildeşlerimiziň hal-ýagdaýlary nähilikä? Olara iň bolmanda, azyk we beýleki iň zerur kömekleri kim edýärkä?
Iň möhümi-de, ildeşlerimiziň howpsuzlygy! Muňa döwletiň kepildigi Baş Kanunymyzda hem aýdylýar ahyryn. Onda nämeüçin türkmen emeldarlary Ukraýinadaky ot açmalaryň arasynda galan raýatlary barada gyssagly we zerur aladalary etmeýärkä?
Olar bu hereketleri üçin “kelle ýalaňaçlap” jogap bermeli boljakdyklaryny bilmeýärmikä?
Hatda, siziňem ýazyşyňyz ýaly, eýýäm,Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlarynyň ilçihanalary öz raýatlaryna görkezmeler berip, olary ewakuasiýa etmäge taýýarlyklar görýändiklerini sosial media arkaly habar berdiler.
Eýse, nämeüçin Türkmenistanyň DIM-gi bu babatda tagalla etmeýärkä? DIM Raşid Meredow öz ýolbaşçylyk edýän ministrligine goňşy döwletlerdäki kärdeşleri ýaly gyssagly görkezmeleri bermegi näme sebäpden gaýra süýşürkä?
Elbetde, häzir Türkmen häkimiýetleriniň 12-nji martdaky irki prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyklar bilen başagaýdygy düşnükli. Emma, şol saýlawlaryň “göz üçin” 9 dalaşgär bilen “bäsleşikli“ geçirilýändigini we Berdimuhamedowyň ýegäne oglunyň prezident boljakdygyny bütin dünýä bilýär diýsem öte geçdigim bolmaz.
Hut şonuň üçinde, men rus harbylarynyň Ukraýinadaky harby operasiýalaryny geçiren we geçirýän şäherlerindäki Türkmenistanyň raýatlaryna zerur gyssagly kömekleri türkmen häkimiýetleriniň berjekdigine umyt edýärin. Çünki,munuň 12-nji martdaky irki saýlawlara hem öz täsirini ýetirjekdigi ikuçsyz.
Atalarymyz “hiçden giç ýagşy” diýipdirler…
Okyjyňyz Didar Weli
“Türkmenistanyň Hronikasy” okyjymyzyň pikirlerini paýlaşmaýar.The post “Hiçden giç ýagşy…” (Okyjymyzyň haty) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.