HHR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna kitap neşirlerini sowgat berdi.Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna kitap neşirlerini sowgat berdi. Çärä institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary, talyplary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň geňeşçisi Çžun Hua, birinji sekretary Sýan Weý, attaşesi Çan Min we Li Szýanin gatnaşdylar.
Türkmen ýokary okuw mekdebindäki dabarada diplomatik wekilhananyň wekili gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlaryna hem-de hytaý dili we edebiýaty boýunça okaýan talyplara kitaplary, okuw gollanmalaryny, sözlükleri, ajaýyp hytaý şahyrlarynyň eserleriniň we şygyrlarynyň ýygyndylaryny gowşurdylar. Çeşme: education.gov.tm /* custom css */ .td_uid_15_6741c600791fc_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6741c600791fc_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }