Ýurt taryhynda diňe bir şanly wakalaryň däl, eýsem ol ýa-da beýleki eýýamda ýaşaýan adamlaryň hem ähmiýeti uludyr.Köplenç, eýýama şol döwrüň adamlaryna görä baha berilýär.Türkmenistan hemişe-de şahyry ýetik ýurt.
Her ýylda munda zehinli şahyr döreýär.Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Seýdiniň we beýlekileriň eýýamy türkmen şygryýetiniň altyn asyry bolan bolsa, ХХ asyra, onuňam ikinji ýarymyna kümüş asyr diýse-de bolar.
Türkmen şygryýetiniň şöhradyny ýöreden we ony has belende göteren şahyrlaryň arasynda Kerim Gurbannepesowyň orny saýrydyr.Beýlekileri ýyldyza deňeseň, onuň bir özi tutuş bir planetadyr.
Şahyrlarda halypa bolmaýar, goşgy düzýänleriň hersiniň höwes edýän belentligi, idealy bolýar.Magtymguly Kerim üçin şol elýetmez belentlik bolupdy.Oňa sebäp bolanam, Kerim hat ýazmany öwrenenden öýlerinde gymmatly baýlyk diýlip saklanylýan Magtymgulynyň goşgularyny kakasynyň dilinden göçürmegidi.
Kakasy bu dünýä baky gelmänligine düşünip, ogluny tapdyrmajak hemrasyna duşurypdy.Magtymguly Kerimiň müdimi hemrasy-ýarany boldy.Ol hiç haçan Magtymgula kyblagähim diýmezdi, ol ondan-da belentdedi- Pyragy onuň piridi.
Magtymgulynyň zehininiň öňündäki hormaty Kerimiň goşgylarynda, gündelikerinde we ýazgylarynda gabat gelýär.Men häzir Magtymgulynyň diri keşbi bilen bir minutlyk duşuşmak mümkinçiligine hany-manymy gurban edip bilerdim.Sebäbi şol bir minut meni dünýäniň geçeni, häzirkisi, geljegi bilen sataşdyrardy.
Az wagtlyk bolsa-da, ebedilik bilen ýüzbe-ýüz oturmakdan ýokary nähili bagt bolup biler“.
Belki, 1970-nji ýylda berlen Magtymguly adyndaky döwlet baýragy Kerim Gurbannepesow üçin iň belent sylag bolan bolsa gerek.
Ajaýyp şahyr Kerim Gurbannepesowyň döredijiligi köpugurlydy. Onuň goşgulary, sözlerine düzülen aýdymlary, poemalary ХХ asyr türkmen poeziýasynyň belentlikleriniň biri diýlip ykrak edildi, halkyň söýüp okaýan eserlerine öwrüldi. Kerim şahyr ençeme ýyllap ýöreden gündeligine durmuş, edebiýat barada oý-pikirlerini ýazypdy. Olary jemläp Tomus ýazgylary“ kitabyny döredipdi. Häzir şol golýazma Türkmenistanyň Döwlet merkezi arhiwinde saklanylýar.
Biz Kerim Gurbannepesowyň şol kitabyndan bölekleri hödürleýäris, onda şahyr durmuş baradaky pikirini beýan edipdir.Onuň näme üçin Tomus ýazgylary“ diýleniniň sebäbini birneme soňrak aýdarys.Biz neşire taýýarlanan ýazgylardan bir bölegini size hödürleýäris. Ýöne şolaram zehinli şahryň çylşyrymly ruhy dünýäsi barada düşünje berýär.
Ol şahyryň döredijlijginiň, onuň içki dünýäsiniň özboluşlylygyny duýmaga mümkinçilik berýär.Kerim Gurbannepesowyň ýazgylarynda onuň pikirleriniň nämizligi, sözleriniň gunt düşen ýaly agraslygy we takyklygy göz-görtele görnüp dur.
”Öz-özüňwi kämilleşdirmek, her gününň ahyrynda özüňi derňewden geçirmek juda zerur bolsa gerek.
Men şu gün il-günüm üçin nähili peýdaly iş etdim?
Şu gün niçiksi hatalar goýberdim? Ynsabymyň öňünde ikilik etdimmi?
Öz-özüňi ýazgarmak, goýberen hataňy boýnuňa almak, bu, elbetde, ýeňil zat däl. Ýöne kämillik diýen zat nämahal, kime aňsat düşendir öýdýärsiňiz!“
Zehinli kärdeşiňe guwanmak zehinli adam üçin ruhy zerurýetdir.
Zehinsiz adam üçin bu örän agyr ýükdür: kärdeşiniň zehini oňa ruhy jepa berer“.
Hiç köňül şatlygy çykmaz,
Bir köňül ýykmaýan ärden.
Beýik Magtymgulynyň bu setirlerine käbir adamlar şeýleräk düşünýärler: Adamyň göwnüni ýykmaýan adamdan göwnüňe şatlyk beriji hiç zat çykmaz“.
Bu setirleriň manysy bolsa düýbünden onuň tersinedir: Öz göwnüňi ýykmasaň, iliň göwnüni alyp bilmersiň!“
Eserleriňi gysgaltmagy başarmak edebiýatda esasy zatlaryň birimikä öýdýän. Bu örän agyr zat. Men ony öz tejribämde-de ençeme sapar synap gördüm: Ata we ogul“ poemasyny gutardym edenimden soň, onuň sekiz ýüz setirini bir zarbada kesdim. Aýal bagşy“ poemasyny kitaba girizmek üçin onuň bäş ýüz setirini peje taşladym. Käbir ýoldaşlarym oňa gynandylar. Elbetde, meniň özüm olardanam beter gynandym.
Ýöne şeýtmek gerekdi. Eseriň sagdynlygynyň, kompozisiýasynyň hatyrasy şony talap edýärdi“.
Şahyrlaryň, bagşylaryň öz döwrüniň ylymdar adamlaryndan, ussatlaryndan ak pata alandyklaryny hemmeler bilýär.
Beýik Magtymguly hem bir pirden ak pata almakçy bolupdyr. Pir: Her bir agzyna gelenini samrap ýörene ak pata berip bilmeris“ diýip, şahyry gödeklik bilen yzyna gaýtarypdyr... Ruhanylar halk köpçüligini Magtymgulynyň goşgylaryndan mahrum etjek bolup, oňa her hili şyltaklar atypdyrlar. Emma şahyryň goşgylary ol gara güýçleriň ählisini ýeňip, biziň ýagty günlerimize gelip ýetdi.
Sebäbi şahyr özüne kimde bolsa biriniň rowaçnama bermegine mätäç däldi. Ak patany oňa halk beripdi“.
Uruş ýyllarydy. Tejende Amansoltan eje atly diýen segsen ýaşly bir goňşymyz bardy.
Amansolatan eje her nahardan soň uzyn-uzyn töwür sanaýardy.
-Amnasoltan eje!—diýip, men onuň öçügsiräk bolsa-da, owadan ullakan gözlerine seretdim,--ynha sen ýaňy töwür galdyranyňda hemme öten-geçenleriň, ýagşyzadalaryň atlaryny sanaýan diýdiň. Sen şolaryň arasynda Magtymguly şahyryň adyny agzaýarmyň?
Amansoltan eje ullakan gözlerini tegeledi-de, birhili aljyrady. Birdenem özüni dürsedi- de, pert jogap berdi:
---Magtymgulyň adyny agzamak şu mahala çenli hakydama-da gelmändir. Aramyzda gezip ýörmükän öýdüpdirin... Ölmedik ýaly. Ölmejek ýaly.
Bu çala sowat garrylaryň üç agyzda şahyryň hamyrmaýasyny kesgitläp bilşi meni şu günlerem tolgundyrýar“.
...Zehinli adamlaryň elinden çykan eser adamlaryň asylly duýgylaryny ýarýar, olaryň ýüreklerinde zähmete, gözellige hyjuw döreder. Ýa-da bir söz bilen ýatsaň, adamlar üçin gerek bolar.
Sungaty döreden hem şol gereklikdir“.
“Öňde bir şahyr özüniň iş stoly üçin 100 sany tahyl ýasadypdyr. Her goşgusyny ýazyp bolan badyna, ony ikinji tahylyň içine atypdyr. Soň täzeden işläp, üçünj tahyla taşlapdyr. Onsoň her gezek ýaňadan işläninde, ýene-de dördünji, bäşinji, altynjy... tahyllara geçipdir. Şeýdip-şeýdip her goşgusyny ýüzüni tahyldan çykarandan soň-- diňe şondan soň çapa hödürläpdir.
Ýaşasyn ýüzünji tahyl!“
Öz dostuňdan gizlin saklaýan syrlaryňy hasaplap gör. Şol syrlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da sen öz dostuňdan uzakdasyň“.
Makalanyň awtorynyň umumy medeniýetine göz ýetirmek üçin onuň sitata alşyny synlamak ýeterlikdir. Bu ýerde gep onuň sitatanyň köp ýa-da az alynmagynda däl. Käbir adamlar sitatalary şeýle bir ulanýar, sen olaryň has-da köpräk bolmagyny isleýärsiň. Käbirleri ýekeje sitata alýar, emma ol tekstiň gandamaryna gitip bilenok- da, maňlaýyna ýelmenen leýkoplastyra meňzeýär“.
Ýaş okyjy gyzlaryň birinden hat geldi. Anketa. Ine, şol sowal-jogaplaryň käbiri.
---Size dynç berýän iň lezzetli zat näme?
---Türkmen sazynyň owazyna irkilmek.
--Adamda iň söýýän zadyňyz?
---Edep.
--Özüňizde ýigrenýän gylyk-häsiýetleriňiz barmy?
---Bu günki işi ertä goýmak. Çilim çekmek.
--Işiňizden daşgary gowy görýän pişäňiz?
--Pyýada ýöremek.
---Iň gowy görýän parasatly sözüňiz ýa-da nakylyňyz?
---Oýlanman iş etme!“
---Mahal-mahal käbir durmuş meselelerinden baş çykarmak örän kyn düşýär. Ýüregiň bir zat küýseýär, beýniň bolsa başga bir zat diýýär. Şonda olaryň haýsy birine gulak asmaly? Beýnämi? ÝüregemI?
---Elbetde, olaryň ikisine-de gulak asmaly bolsa gerek. Ýöne beýni diýilýän zadyň gulaga has ýakyn ýerde ýerleşýänligi üçin, beýnä köpräk gulak asylsa oňat bolar.
Ýürek beýnä görä garagolrak boýar: onuň diýenini ediberseň, bisereşgen zatlaryň üstünden-de eltip biler.
---Şahyr bolmak üçin hökman söýgi oduna ýanmalymyş diýýärler. Bu barada Magtymgulyny, Mollanepesi, Seýdini, Keminäni, Puşkini we ýene-de kän şahyrlary mysal getirýärler. Şahyr bolmak üçin yşka ýanmak hökmanmy?
---Meniň pikirimçe hökman däl. Şahyr ilki bilen il-gününi, Watanyny söýmeli, şolaryň yşkynda ýanmaly. Şahyryň ykbalyny diňe şeýle mazmunly uly söýgi kesgitläp biler. Magtymgulynyň döredijiligi-de şony tassyklaýar.
Söýgi (Siziň diýýän manyňyzda) şahyrda bolup hem biler, bolman hem. Ýöne bolanlygynda, beýle söýgi onuň döredijilik älemgoşaryna ýene-de bir täze reňk goşup bilýär.
Nebis diýlen zada deňeşdirme gözledim. Ahyry-da ony sarygarynja bilen deňeşdirmegi dogry tapdym. Sarygarynja agajyň içini köwüp- köwüp, eleme- deşik edýär. Onsoň ony oduň içine oklaýmasaň, başga hiç zat üçin peýdalanyp bolmaýar.
Nebis hem adamyň ýüregine girip, onuň ynsabyny eleme-deşik edýär. Onsoň ony-da haýyr iş üçin ulanmak mümkin däl“.
Gaýratlylygyň iň uly derejesi özüňe bolan söýgiňi basyp bilmekden ybaratmyka öýdýän. Köp adamlar şony başaryp bilmeýänligi üçin gözüň alnynda kiçelýärler, abraýdan düşýärler ýa-da heläk bolýarlar“.
Döredijilik diýen zat seni bölekleýin däl-de, tutuşlygyna talap edýär. Pikir -zehiniňi başga taraplara (boş gürrüňlere, hormat, şöhrat baradaky aladalara) näçe mukdarda harçlaýan bolsaň, döredijilik seni şol mukdarda-da özünden uzakda saklaýar.
Şu hakykat öz-özünden düşnükli bolsa-da, köp döredijiler oňa düşünmeýärler ýa-da düşünmek islemeýärler. Olaryň betbagtlygy-da şonda bolsa gerek“.
Kerim Gurbannepesow Tomus ýazgylarynyň“ ahyrynda: Atam her adamyň ömrüni 100 ýaş hasap edip, ony dörde bölerdi:
1-den 25 ýaşa çenli—ÝAZ,
25-den 50-ä çenli---TOMUS,
50-den 75-ä çenli---GÜÝZ,
75-den 100-e çenli ---GYŞ.
Onuň sebäbini bolsa şeýleräk düşündirýärdi:
ÝAZ—adamyň gülleýän döwri,
TOMUS---düwýän, suwy süýjeýän döwri,
GÜÝZ—bişýän döwri,
GYŞ—düşýän döwri.
Diýmek, atamyň kesgitlemesi boýunça, bu bellikler meniň düwýän ýigrimi bäş ýyllygyma degişli bellikler bolmaly. Şol esasda-da men bulary TOMUS ÝAZGYLARY diýip atlandyrdym“.
Beýik şahyryň kesgitlemesi boýunça onuň bişmel döwri heniz öňdedi. Ýazgylarynyň soňunda yzy bar“ diýip ýazypdy. Ýöne,gynansagam, dowamy bolmady. Şahyr wagtyndan has ir bişdi, şonuň üçinem juda ir, 59 ýaşynda gitdi, dünýäsini täzeledi. Adam ýogalýar, ýöne onuň paýhasy ýitip gitmeýär, adamlaryň döredenleriniň bary adamlaryň hakydasynyň gorunda müdimi galýar.