Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda XXI asyrda diplomatiýanyň orny atly düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 2023-nji ýylyň Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guralan bu bäsleşik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylara Dialog — parahatçylygyň kepili — halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesi, Medeniýetleriň aragatnaşygynda daşary ýurt diliniň orny, Medeniýetleriň dialogy we ÝUNESKO, Medeni diplomatiýa — milletara dialogyň dili ýaly tematiki ugurlaryň biri boýunça rus dilinde düzme ýazmak tabşyryldy.
Bäsleşigiň netijeleri esasynda, Baş baýraga Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Arslan Mämmedow mynasyp boldy.
I orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Meňli Çaryýewa, II orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Mekan Annagulyýew, III orna bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýjeren Orazberdiýewa mynasyp boldy.
Şeýle-de halkara gatnaşyklary ugrundan bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Aýgül Meredowa I orna, Oguzhan Piriýew II orna, Erem Döwletmyradow, Ejeş Taganowa, Dawut Nazmyradow III orna mynasyp boldular.