Türkmen halky asyrlaryň dowamynda sungatyň ähli görnüşlerini ösdürip, şu günki günde aýdym-saz, amaly-haşam hem-de şekillendiriş sungatymyzy nesilden nesle ýetirip gelipdir.Sungaty ykbalyna öwrüp, onda öçmejek yz galdyrmak bagtyýarlykdan nyşan.
Biz munuň şeýledigine zehinli suratkeş we heýkeltaraş Sylap Hudaýberdiýewiň heýkel hem-de grafika eserleri bilen tanyşanymyzda hem göz ýetirýäris.Onuň döreden heýkel eserleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty, Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde, hususy ýygyndylarynda saklanýar.
Suratkeşiň döredijiligi we şahsyýeti aýrylmazdyr.Türkmenistanyň taryhyna, däp-dessurlaryna, edebi mirasyna uly sarpa goýýan şekillendiriş sungatynda uly yz galdyran, gaýtalanmajak eserleri döreden heýkeltaraş we grafikaçy Sylap Hudaýberdiýew 1941-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Ýolöten şäherinde eneden dogulýar.
Ol mekdebi üstünlikli tamamlap, 1957-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýerleşýän häzirki çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde A.T.Şetinin, Ç.Amangeldiýew ýaly tanymal halypa suratkeşlerden tälim alýar.
Ony 1962-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar we okuwyny dowam etdirmek maksady bilen 1963-nji ýylda Moskwanyň Stroganow adyndaky ýokary okuw mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölümine okuwa girýär.Ol bu uçilişäni 1968-nji ýylda tamamlaýar.
Geljekki suratkeş okan döwürlerinde muzeýlere gezelenç etmegi gowy görer eken.Meşhur suratkeşleriň döredijilik sergilerini öz gözi bilen görmegi endik edipdir. Şäher eteklerine ýa-da tokaýlara gidip tebigatyň gözel görnüşini synlap köp eserleri döredipdir.
Türkmen heýkeltaraşçylyk sungatynyň üsti bilen öz döwrüniň waspyny edýän ussatlarymyzyň arasynda Sylap Hudaýberdiýewiň tutýan orny örän ulydyr.
Sylap Hudaýberdiýew diňe bir heýkel eserleri döretmek bilen çäklenmän eýsem grafika eserlerinde hem öz ussatlygyny görkezipdir.Suratkeşe mahsus bolan pelsepewi garaýyşlar onuň grafika eserlerinde-de öz mynasyp ornuny tapýar.
Sylap Hudaýberdiýew islendik materiala näzikligi we öz içgi dünýäsinde bar bolan mähremligi bermege çalşypdyr.Ol agaçdan, daşdan, şamotdan we hek daşyndan ýatda galyjy keşpleri dörediji monumental we stanok heýkeltaraşydyr.
Ol dürli žanrlarda işleýär.Sylap Hudaýberdiýew öz grafika eserlerinde portret žanryna-da uly üns berýär.Ol eserlerinde adam keşbini diňe bir meňzetmek bilen çäklenmän eýsem onda adam häsiýetini, içki duýgysyny açyp görkezmäge çalyşýar.
Grafika örän çylşyrymly we gyzykly sungatdyr.Sylap Hudaýberdiýewiň işlerine seredeniňde-de munuň şeýledigine göz ýetirýärsiň.Onuň portret žanrynda döreden Ýaş gyzyň portreti, Ene we çaga, Ýaş ýigidiň portreti ýaly işlerinde milli äheňler aýdyň duýulýar.
Esere çuňňur duýgyny berip bilmek ukyby tebigy zehininden habar berýär.
Sylap Hudaýberdiýewiň çeken zähmetine Garaşsyzlyk ýyllarynda mynasyp baha berilýär.Ol 1993-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly ada eýe bolýar.Döredijiliginiň soňky ýyllaryny Türkmenabadyň çeperçilik uçilişesiniň talyplaryna halypaçylyk etmek bilen baglanyşdyrýar.
Halypa Sylap Hudaýberdiýew ömrüniň ahyryna çenli Watanymyzyň sungatyny ösdürmekde, ösüp gelýän nesilde gözellik duýgularyny kämilleşdirmekde güýjüni gaýgyrmaýar.Sylap Hudaýberdiýew türkmen zenanlaryna, enelerine uly hormat goýupdyr.Onuň zenanlara bagyşlap döreden heýkelleri seni çuňňur manyly duýgular dünýäsine alyp gidýär.
Olara seredip oýlanman durup bolmaýar.Heýkeltaraşyň döredýän keşplerinde eneleriň kalbynyň mähri we näzi, şatlygy, gynanjy, buýsanjydyr guwanjy, hat-da ene nalasynyň ýaňy aýdyň şöhlelendirilýär.Heýkeltaraş çuňňur duýgur adam. Şonuň üçin onuň döreden ene keşpleri onuň arassa ýürek joşgunyndan gelip çykýar.
Eserlerden biz suratkeşiň öňünden ýöriteläp bir keşbi döretmeklik maksady goýmaýanlygyna mese-mälim göz ýetirýäris.Keşpler suratkeşiň aňydyr kalbyndan susulyp çykyp döredijilik zehini arkaly döreýär.
Suw geldi atly eserinde iki adamdan ybarat heýkel taslamasy bize has täsin hem-de bütewi görünýär.Bu eseri 1969-njy ýylda hek daşyndan ýerine ýetirýär.Eserde iki sany enäniň keşbi janlanýar.
Heýkeltaraşyň 1974-nji ýylda hek daşynda ýerine ýetiren Ene we çaga eserinde gujagynda oglanjyk oturan orta ýaşlaryndaky mährem enäniň keşbi görkezilýär.Onuň bu işine içgin syn etseň, onda onuň terbiýeleýjilik pikiri öňe sürýändigini hem görmek bolýar.
Eser ýönekeý usulda ýerine ýetirilip kompozisiýada kellesini çalaja egip, mähirli garaýyşy bilen öz ýyly gujagynda oturan ogluna seredýän enäniň şekili janlandyrylýar.Eser gündeki durmuşdan alnan wakany açyp görkezýär.
Muňa garamazdan onda ene bilen çaganyň arasyndaky aýrylmaz ýyly baglanyşyk duýulýar.Elbetde bu suratkeşiň daşa siňdiren çuňňur duýgylaryndan gelip çykýar.Umuman eserde başy gyňaçly enäniň öz balasyna, kellejigi tahýalyja, ýeňiljek geýnüwli çaganyň bolsa mährem enesine bolan söýgisi aýdyň berilýär. Şahyryň beýan edişi ýaly türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu sungaty söýgi bilen dowam etdirip gelýär.
Halk aýdym-sazlaryny ýüregi bilen diňlän heýkeltaraş bu sungata bagyşlap Saz atly üç sany keşpden, ýagny dutarçy, gyjakçy hem-de tüýdükçiniň şekillerinden düzülen kompazisiýany döredýär.Türkmeniň milli aýdym-saz sungatynyň waspyny ýetiren bu işinde heýkeltaraş keşpleri örän sadadan umumylaşdyrýar.
Heýkeltaraşyň işleri hem edil onuň özi ýaly kiçi göwünlilik, şol bir wagtyň özünde-de örän şahyrana duýgyny berýär.Heýkellere içgin seretdigiňçe ondan gulagyňa ýuwaşşadan ajaýyp bir owaz eşidilýän ýaly bolýarsyň.
Sazandalaryň hersi bir häsiýetde ýerine ýetirilip, olar bir-birleriniň hereketini gaýtalamaýar.Emma, bu üç heýkel bir bütewilikde seredilýär.Bu sazandalara seredeniňde milli keşp we milli häsiýet eriş-argaç bolup geçýär.
Hiç bir sungat eseri hem ýöne ýerden döremeýär.Bu heýkeller zehinli heýkeltaraşyň saz sungatyna bolan sarpasynyň, şeýle-de dünýäniň heýkeltaraşlyk sungatyndan özleşdirilen tejribäniň miwesidir.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň ýatlamasyna laýyklykda: Sylap Hudaýberdiýew heýkeltaraşlyk sungatynda aýratyn bir özboluşly pikirlenmä eýe bolup, ol biziň realizm düşünjämiziň çäklerinden çykýar. Onuň eserlerinde ata-babalarymyzyň asyrlar jümmüşinden eşdilýän ruhy ýaňlary duýulýar... diýip belleýär.
Heýkeltaraş Sylap Hudaýberdiýewiň bize miras goýan her bir döredijilik işi hemişe onuň özüni şahyrana pikirlerini we baý dünýägaraýşyny ýatladýar.Türkmen sungatynyň görnükli, zehinli heýkeltaraşy 2000-nji ýylda 59 ýaşynda aradan çykýar.
Elbetde şeýle ussat suratkeşiň aramyzda ýokdugy örän gynandyrýar.Ol halkyň aňynda baky ýaşar.Heýkeltaraş Sylap Hudaýberdiýewiň bize miras goýan her bir döredijilik işleri hemişe onuň özüni, şahyrana pikirlerini we baý dünýägaraýşyny ýatladyp durar.