Hesel Hanjani: Men türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň aşygy

Hesel Hanjani: Men türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň aşygy

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisi, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. 31-nji oktýabr 2-nji noýabr aralygynda geçirilen sergä Eýran Yslam Respublikasyndan gelen syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri, şol sanda heýkeltaraşlar, keramikaçylar, halyçylar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirilen medeni çärede iki goňşy ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýan pawilýonlar ýerleşdirildi. Dabara gatnaşyjylar syýahatçylyk pudagynda ýetilen belent sepgitler bilen tanşyp, amaly-haşam sungatynyň eserlerini synladylar.

Biz hem Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisiniň dowam edýän günleri eýranly telekeçi Hesel Hanjani bilen söhbetdeş bolduk. Myhman gürrüňdeşliginiň dowamynda:

— Şu günki sergä men haly we haly önümlerini hem-de el işleriniň birnäçe görnüşini getirdim.Gülüstan welaýatynyň Kümmethowuz şäherinde hususy muzeýim bar. 2021-nji ýylda açylan muzeýde türkmen gelin-gyzlarynyň lybaslary, şol sanda el halysynyň birnäçe görnüşi, asmalyklar, eňsiler, torbalar hem mynasyp orun alýar. Özüm türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň aşygy. Özboluşly, gözel lybaslar mende hemişe uly gyzyklanma döredýär.

Muzeý açylan gününden bäri oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan gelen jahankeşdeler siziň zenanlaryňyzyň eşiklerine, el işlerine ýokary baha berdiler.Bu bolsa meni has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar — diýip belläp geçdi.

Dostlukly ýurduň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisi hem-de türkmen-eýran sungat ussatlarynyň konserti medeniýetdir sungat arkaly halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da rowaçlanýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Gülüstan welaýatynyň Kümmet-kowus etrabynda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli çäre geçirildi
Abu Seýit Mäne baba binagärlik ýadygärliginiň peştagynda berkidiş we ylmy öwreniş işleri alnyp barylýar
Hudaýnazar kümmeti barada eşidipmidiňiz?!
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň biri orta asyrlar alymy şeýh Ibn Hajibiň ady bilen baglanşyklydyr