Hermitage Home Interiors şowrumy türkmenistanlylara Italiýanyň dizaýn bezegleri bilen tapawutlanýan Londonart kompaniýasynyň ajaýyp oboýlaryny hödürleýär.
Londonart — bu ýokary derejeli önümler bolup, interýere özboluşly häsiýet berip, täsin optiki täsirleri we gurşawda reňkdarlygy döredip bilýär.
Londonart kompaniýasy Ýewropanyň meşhur dizaýnerleri, binagärleri we suratkeşleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurdaky bilelikdäki döredijilik hyzmatdaşlygynyň netijesinde bolsa Londonart hünärmenler topary owadan çyzgylary we şekilleri bolan has döwrebap oboýlary döredýär.
Şular bilen birlikde, Hermitage Home Interiors dükanynda Londonart oboýlaryny özbaşdak isleg esasynda hem taýýarlamak sargydyny ýola goýup bolýar. Munda sargyt ediji önümiň ölçegini we dizaýnyny saýlap biler.
Hermitage Home Interiors soňky ýerine ýetiren taslamalarynyň birinde häzirki zaman dizaýnynyň tejribeli wekilleriniň biri bolan Karlo Kolombonyň döreden 2019-njy ýylyň kolleksiýasyna degişli stilli oboýlaryny ulandylar.
Hermitage Home Interiors dükanynda reňkleriň kontrast sazlaşygy, abstraksiýalar, geometrik çyzgylar, peýzažlar we beýleki gaýtalanmajak sýužetler ýaly dürli öwüşginli şekiller hödürlenilýär.
Hermitage Home Interiors şowrumy şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, Dürdäneli söwda merkezi.
Habarlaşmak üçin:
Şeýle-de okaň: