Her ýylda dünýäde 80 wulkanyň atylýandygy mälim edildi.Wulkanlaryň käbiri garaşylmadyk ýagdaýda partlap, olary deslapdan anyklamak kyn düşýär.Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde iň uly wulkanlar işjeň ýagdaýda bolup, ol syýahatçylar üçin meşhur ýerlerde ýerleşýär.
Olaryň biri-de Islandiýada.Bu ýerdäki Fagradalsfýadl wulkany giden şäheri ýok edip biljek. Ýerli häkimiýetler bu ýerdäki Mawy aýlag şypahanasyny hem wulkan atylmagy sebäpli ýapmaga mejbur boldular.Oňa her ýyl dünýäden millionlarça adam barýar.
Häzirki wagtda dünýäde 800 töweregi hereket edýän wulkan bar. Olar golaýda ýaşaýan adamlar üçin uly howp döredýär. Bu ýyl Meksikadaky, Russiýadaky, Italiýadaky wulkanlarda üýtgeşmeler hasaba alyndy. Adada wulkanyň atylmagyna güýçli taýýarlyk görülýär. Grindawik şäherjigine eltýän ýollar ýapyldy, sebitden 4 müňe golaý adam göçürildi.